Ýewropa rus dron hüjümlerine garşy “taýar däl”

Andrius Kubilius Ýewropa ýurtlarynyň rus dron hüjümlerine garşy degişli taýarlygynyň ýokdygyny aýtdy.

By
Ýewropa rus dron hüjümlerine garşy “taýar däl” / Reuters

ÝB-niň goranyş komisary Andrius Kubilius duşenbe güni beren beýannamasynda, Ýewropa ýurtlarynyň rus dron hüjümlerine garşy degşli taýarlygynyň ýokdygyny we özüni goramak üçin Ukrainanyň “uruşda synagdan geçen” tejribelerinden peýdalanmalydygyny belledi.

27 agzasy bolan gurama, sentýabr aýynda NATO degişli uçarlaryň Polşanyň howa giňişliginde rus dronlaryny urup düşürmeginden soň, dron hüjümlerine garşy degişli çäreleriň görülmegi üçin hekete geçdi.

Kubilius metbugata beren beýannamasynda, “Russiýanyň Polşa, Baltika ýurtlaryna we Ruminiýa garşy guran dron hüjümleriniň öňüni almak degişli taýarlygymyzyň ýokdygyny gördük. Iki ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan rus dronlaryny anyklamak we olary hatardan çykarmak boýunça taýar bolmandygymyzy gördük” diýdi.

“Taryhy ýalňyşlyk”

NATO Polşada başdan geçirlen wakalardan soň gündogar ganadyna goşmaça harby güýç we dron goranyş ulgamlaryny ornaşdyrýar.

ÝB hem anti-dron goranyş ulgamyny gormak isleýändigini mälim etdi, emma mesele hakynda heniz hiç hili maglumat berilmedi.

Anti-dron goranyş ulgamynyň gurulmagy baradaky meýilnamanyň durmuşa geçirilmeginiň birnäçe ýyl dowam edip biljekdigi nygtalýar.

Kubilius, Ýewropa ýurtlarynyň degişli çäreleri görýän günlerinde Ukrainany we onyň 800 müň adamlyk hünärmen goşunyny giňişleýin goranyşyň möhüm bölegi hökmünde öz içine almalydygyny belledi.

Kubilius “Eger şeýle hereket etmesik bu taryhy ýalňyşlyk bolar. Bu şol bir wagtda bize we Ukraina uly zeper ýetirer” diýdi.