Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, öňümizdäki hepde geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşjakdygyny aýtdy.
Russiýa-Ukraina çaknyşygynyň möwjeýän günlerinde Ukrainanyň lideriniň beren bu beýannamasy ünsleri özüne çekdi.
Zelenskiý şu gün beren beýannamasynda, Russiýanyň ýary gije Ukraina 40 raketa we 580 dron bilen uly göwrümli howa hüjümini gurandygyny mälim etdi.
Zelenskiý hüjümde azyndan 3 adamyň ýogalandygyny, onlarça adamyň hem ýaralanandygyny nygtady.
“ABŞ-nyň Prezidenti bilen duşuşaryn” diýen Zelenskiý, duşuşykda Ukrainanyň howpsuzlygynyň kepillendirilmegi we Russiýa goýlan sanksksiýalar meselesiniň seljeriljekdigini belledi.
Ukraina, rus hüjümleriniň öňüniň alynmagy üçin Günbatarly ýurtlardan has köp kömege garaşýar.
Beýleki tarapdan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Günbatarly esgerleriň Ukrainada iş alyp barmagyny kabul etmejekdiklerini aýtdy.
Putin Günbatarly esgerler Ukraina gelen halatynda degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini we esgerleriň nyşana alynjakdygyny belledi.
ABŞ-nyň söweşiň gysga wagtda bes edilmegi üçin edýän tagallasy bökdelýär. Russiýa, Putin bilen Zelenskiýniň duşuşmagy baradaky teklibi kabul etmedi.
Resmi Kiýew bolsa parahatçylyga gidýän ýeke-täk ýolyň liderleriň duşuşygyndan geçýändigini nygtaýar.
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý şu gün beren beýannamasynda “Lideriň arasynda duşuşyk geçirilmän we ylalaşyk gazanylman halatynda sanksiýa goýulmagyna garaşýarys” diýdi.
Zelenskiý “Men Putin bilen iki taraply ýada üç taraply duşuşyk geçirmäge taýar”diýip belledi.
Zelenskiý, sosial mediadan beren habarnamasynda, Russiýa degişli raketanyň Dnipro şäherinde bir bina düşendigini mälim etdi.
Hüjüm sebäpli 1 adamyň ýogalandygy, 26 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.












