Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Kreml köşgünde hukuk goraýjy edaralaryna degişli akademiýanyň talyplarynyň gutardyş dabarasyna gatnaşdy.
Dabarada çykyş eden Putin NATO-nyň Ukraina harby we maliýe goldawyny berýändigini, ýöne onun bilen çäklenmeýändigini we Günbataryň harby býujetini artdyrýandygyny we Russiýa bilen urşa başlamaga taýýarlyk görýändigine ünsleri çekdi.
Putin Ýewropada deň we bölünmez howpsuzlyk ulgamynyň, şeýle hem ähli ýurtlaryň howpsuzlygyny üpjün edýän köp polýarly halkara gatnaşyklarynyň ulgamynyň döredilmegine goldaw berýändiklerini aýtdy.
Putin geçen ýyl Ukrainada geçirýän "ýörite harby operasiýasynyň" çäginde söweş şertlerinde 1000-den gowrak ýaragy we enjamy, şol sanda uçarmansyz howa ulaglaryny synagdan geçirendiklerini belledi.
Putin Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky ähli ugurlarda öňegidişlik gazanýandygyny aýdyp: "Raýat infrastrukturamyza uçarmansyz howa ulaglary bilen guralýan hüjümler jemgyýeti durnuksyzlaşdyrmak we Russiýanyň Ýaragly Güýçleriniň özüne bolan ynamyny gowşatmak üçin edilýär. Bütin Günbatar bu ugurda Ukraina bilen işleýär. Emma biz maksadymyza ýeteris" diýip belledi.















