Halkara Sumud ynsanperwer kömek flody Müsüriň demirgazygyna tarap barýar
Gaza goýlan gabawy böwüsmek üçin gurlan Halkara komitet, Ysraýylyň özlerine garşy harby jenaýat edip biljekdigini nygtaýar.
Guramaçylar, Gaza tarap barýan Halkara Sumud ynsanperwer kömek flodynyň Müsüriň Ortaýer deňiziniň kenarynda ýerleşýän Marsa Matrouhyň demirgazygyna çenli barandygyny mälim etdi.
Halkara Gaza gabawyny böwüsmek komiteti ýekşenbe güni X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, flodyň birnäçe sagadyň dowamynda İskenderiýe şäheriniň demirgazygyna barmagyna garaşylýandygyny mälim edipdi.
Habarnamada “Gaza golaýlaşýarys, sionistleriň bize garşy harby jenaýat etmegine garaşýarys” diýildi.
Sumud flody tarapyndan berlen beýannamada “Lider gämilerimiz OHWAYLA we ALL IN Gazadan diňe 678 kilometr alysda we 3-4 günüň dowamynda Gaza bararys. Ynsanperwer kömek flodymyzyň hatarynda 44 gämi bar” diýildi.
Beýannamada “Bir-iki günüň dowamynda flodymyz has howply zolaga girer. Biz Gaza barmakda tutanýerli. Ýöne bu pursatda hüşgärlik we raýdaşlyk has möhüm” diýildi.
Komitet ozal žurnalistleri we saglygy goraýyş işgärlerini alyp barýan gämini Ysraýylyň gabawy astyndaky Gaza ugratjakdygyny mälim edipdi.
Beýannamada 1-nji oktýabrda ugrajak gäminiň 100-den gowrak halkara media işgärini we lukmany alyp gitjekdigi nygtaldy.
Flodyň öňüni almak
Ysraýylyň KAN ýaýlymy, Ysraýylyň ynsanperwer kömek flodynyň öňüni almak we gözegçilik astyna almak üçin taýarlyk görülýändigini, flodyň 4 günüň dowamynda Gazanyň kenarlaryna çenli gelmegine garaşylýandygyny we munyň ýehydileriň Ýom Kippur baýramyna gabat geljekdigini mälim etdi.
Habara görä, Ysraýylyň deňiz güýçleri Shaýetet 13 “gämileri deňizde ele geçirmek” üçin soňky günlerde türgenleşik geçirdi we türgenleşigiň gämidäki meýletinlere zeper ýetirmegiň öňüni almagy maksat edinýändigi öňe sürüldi.
Ysraýylyň ýaňy ýakynda ynsanperwer kömek flodynyň guramaçylaryna ynsanperwer kömek flodynyň Aşkelon portuna, grek hökümetiniň gözegçiligi astyndaky Kipriň grek böelgine ýada Watikana gönükdirilmegini teklip edendigi, emma guramaçylaryň şol teklibi kabul etmändigi bellenildi.
Ysraýylyň harby goşuny 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat 66 müňden gowrak palestinligini öldürdi.
Bombaly hüjümler sebäpli sebit harabalyga öwrüldi. Ynsanperwer kömeginiň bökdelmegi sebäpli halk açlyga garşy göreşýär.