DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýylyň goşuny ylalaşygy ýene-de bir gezek bozup, Gazada 2 palestinlini öldürdi
Gazanyň resmileriniň beýan etmegine görä, Ysraýylyň goşuny 10-njy okýabrda güýje giren atyşygy bes etmek hakyndaky ylalaşykdan bäri 80 düzgünbozma edip, 97 palestinlini öldürdi.
Ysraýylyň goşuny ylalaşygy ýene-de bir gezek bozup, Gazada 2 palestinlini öldürdi
Ysraýylyň goşuny ylalaşygy ýene-de bir gezek bozup, Gazada 2 palestinlini öldürdi / AA
25 Oktýabr 2025

Beýan edilmegine görä Ysraýylyň goşuny Gazanyň Deýr al-Balah etrabynyň günortasyna guran artilleriýa hüjüminde iki palestinli dogany öldürdi.

“Anadoly” habarlar gullugyna beýanat beren raýatlar doganlaryň al-Kastal Towersiň golaýynda Ysraýylyň artilleriýa hüjüminde ölendigini aýtdy.

Ýerli çeşmeler doganlaryň “sary zolak” atlandyrylýan we Ysraýylyn gündogarda harby güýçlerini ornaşdyran sebitleri günbatarda ylalaşygyň çäginde “howpsuz zolaklar” atlandyrylýan sebitlerinden aýyrýan emeli serhedi geçendigini beýan etdi. Beýan edilmegine görä şol zolagyň belgileri açyk görünmeýändigi üçin asuda ilata gönüden hüjüm guralýar.

Ylalaşyga görä Ysraýylyň goşuny “sary zolagyň” gündogaryndaky täze pozisiýalara tarap çekildiler. Emma Ysraýylyň goşunynyň henizem Gazanyň territoriýasynyň 53 göterimine gözegçilik edýändigi we ylalaşygyň gelejekki tapgyrlarynda yza çekilmäge dowam etjekdigi aýdylýar.

Bilkastlaýyn nyşana almak

Anna güni ir-ertir Ysraýylyň döwlet teleýaýlymy Ysraýylyň aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri Ytamar Ben-Gwiriň ministrler kabinetiniň mejlisinde “sary zolaga” baran palestinlileriň, çagalar bilen bilelikde nyşana alynmalydygyny beýan edendigini habar berdi.

Gazanyň Raýat goranyş gullugynyň ozalky beýanatlarynda Ysraýylyň goşunynyň sary zolagy tötänleý geçen ýa-da onuň golaýyna baran palestinlileri öldürmek üçin bilkastlaýyn nyşana alýandygyny mälim edilipdi. Mundan ozal “sary zolagy” geçendigi sebäpli birnäçe palestinli öldürilipdi.

Gazanyň Metbugat gullugy 19-njy okýabrda beren beýannamasynda ylalaşyk güýje girenden soň Ysraýylyň goşunynyň 80 gezek düzgün bozup, 97 palestinlini öldürendigini, şolaryň 44 sanysynyň geçen ýekşenbe güni goşun tarapyndan atylandygyny habar beripdi.

Trampyň 20 maddadan ybarat Gaza ylalaşyk meýilnamasy 10-nji oktýabrda kabul edildi. Birinji tapgyr ysraýylly ýesirleriň palestinli tussaglar bilen çalşylmagyny, Gazanyň gaýtadan dikeldilmegini we täze dolanşyk mehanizminiň gurulmagny öz içine alýar.

 

 

Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy