DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ Eýranyň awiakompaniýalaryny goldaýan kärhanalara sanksiýalar boýunça duýduryş berdi
ABŞ-nyň Gazna ministri Skott Bessent sanksiýa goýlan Eýranyň awiakompaniýalary bilen islendik täjirçilik işiniň ABŞ-nyň berk sanksiýalaryna sezewar bolmak howpunyň bardygyny aýtdy.
ABŞ Eýranyň awiakompaniýalaryny goldaýan kärhanalara sanksiýalar boýunça duýduryş berdi
ABŞ Eýranyň awiakompaniýalaryny goldaýan kärhanalara sanksiýalar boýunça duýduryş berdi / Reuters

Bessent X arkaly beren habarnamasynda bu duýduryşyň 28-nji fewraldan bäri dowam edýän uruşda Eýrana ykdysady basyş etmek kampaniýasynyň düzüm bölegi bolup durýanduygyny aýtdy we: "Sanksiya goýlan Eýranyň awiakompaniýalary bilen işleşmek ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar bolmak howpuny döredýär" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Bessent daşary ýurtlaryň hökümetlerini öz ygtyýarlyklaryndaky kompaniýalaryň şol uçarlara üpjünçilik hyzmatyny bermezligi üçin "ähli zerur bolan çäreleri" görmäge çagyrdy. Şol hyzmatlaryň çäginde uçar ýangyjy bilen üpjün etmek, iýmit, gonuş tölegleri ýa-da tehniki üpjünçilik ýaly ugurlar bar.

Bessent: "Hazyna Eýrana iň ýokary basyşy eder we Eýran guramalary bilen işleşmek ýa-da olara ýardam berýän üçünji taraplara garşy çäre görmekden çetde durmaz" diýdi.

Tährandan uçuşlar täzeden başlandy

Bessent bu duýduryşy Eýranyň ABŞ-Ysraýyl urşunyň başlanmagyndan bäri käbir täjirçilik uçuşlaryna gaýtadan başlandan soň berildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesi şenbe güni köp sanly uçaryň Tährandan uçandygyny yglan etdi.

Eýranyň Raýat awiasiýasy edarasy mundan ozal howa giňişliginiň käbir bölekleriniň gaýtadan açylandygyny we halkara üstaşyr ýollarynyň, esasanam ýurduň gündogar böleginde açykdygyny habar beripdi.

ABŞ-nyň Gazna ministrligi golaýda maliýe güýjünden peýdalanyp, nebit söwdasy bilen baglanyşykly global aktiwleri nyşana almaga gönükdirilen "Ykdysady gazap" atly maksatnamany güýje girizdi.

Şol başlangyjyň çäginde ABŞ Hytaý banklaryna hat ugradyp, eger olar Eýranyň nebit söwdasyny ýeňilleşdirmegä dowam etseler, goşmaça sanksiýalaryň giriziljekdigini beýan etdi.

Bessent şeýle hem ABŞ-nyň Eýranyň güýjüni çäklendirmek üçin "maksimum basyş" syýasatyny dowam etdirjekdigini nygtady.