DÜNÝÄ
1 minut okamak
Polşa soňky aýlarda rus içalylygy bilen baglanyşykly 55 şübheliniň tussag edilendigini habar berdi
Olaryň sany 8-den 55-e ýeten hem bolsa, resmiler kazyýet işi ýa-da aýyplamalar boýunça resminama çap etmediler we derňewleriň gerimi barada jikme-jik maglumat bermediler
Polşa soňky aýlarda rus içalylygy bilen baglanyşykly 55 şübheliniň tussag edilendigini habar berdi
Polşa
22 Oktýabr 2025

Polşanyň degişli resmileri soňky aýlarda Russiýanyň aňtaw gullugynda işlemekde güman edilýän 55 adamyň tussag edilendigini habar berdiler. Ol bolsa öň habar berlen sekiz görkezijiden ep-esli köp.

Sişenbe güni Polşanyň ýörite hyzmatlaryny utgaşdyrýan ministriň metbugat sekretary Ýasek Dobžinskiý has giňişleýin we biri-biri bilen baglanşykly derňewiň şol sanyň artmagyna sebäp bolandygyny mälim etdi. Ýöne kazyýet işi ýa-da aýyplamalar barada jikme-jik maglumat bermedi.

Şol gün irden ýurduň premýer-ministri Donald Task Içerki howpsuzlyk gullugynyň (ABW) beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda ýurduň dürli sebitlerinde 8 adamy sabotaž aksiýalaryny amala aşyrmak üçin taýýarlyk görmekde aýyplanyp göz tussaglygyna alynandygyny habar berdi.

Task X platformasyndan beren beýanatynda, kazyýet işleriniň dowam edýändigini we goşmaça amaly çäreleriň görülýändigini aýtdy.

Ýasek Dobžinskiýniň pikiriçe, tussag edilenler Russiýanyň aňtaw işleri bilen baglanyşykly birnäçe aýry we köptaraplaýyn derňewiň bir bölegidir. Olaryň arasynda Polşada we Rumyniýada içalylykda güman edilip 16-njy oktýabrda Warşawanyň golaýynda tussag edilen 21 ýaşly Ukrainanyň raýaty Danylo H. hem bar. Bu tussaglyk Rumyniýanyň aňtaw gullugy (SRI) bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy