TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan sungat mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşdy
Prezident Erdogan okuwçylar bilen söhbetdeş boldy we olar bilen surat düşdi
Prezident Erdogan sungat mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşdy
Prezident Erdogan sungat mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşdy
 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 24-nji noýabrda, Mugallymlar gününde Beştepe Milli Kongres we Medeniýet Merkezinde geçirilen “Mugallymlara Hormat Gijesi” maksatnamasynda çykyş eden şekillendiriş sungaty mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Prezident Erdogan düýn geçirlen Adalat we ösüş partiýasynyň Stambuldan deputaty Ýüjel Arzen Hajyogullarynyň režissýorlyk etmegindäki "Kim bar?" atly saz we teatr oýnuny ýerine ýetiren şekillendiriş sungaty mekdebiniň okuwçylary bilen duşuşyk geçirdi.

Okuwçylar bilen söhbetdeş bolan we olar bilen surat düşüren Prezident Erdogan: "Hemmäňizi gutlaýaryn. Siz örän üstünlikli çykyş etdiňiz. Ajaýyp" diýdi.