Ýawa wulkanynyň ýarylmagy sebäpli ýüzlerçe adam wagtlaýyn gaçybatalgalara göçürildi

Tebigy betbagtçylyklar gullugynyň ýolbaşçysynyň beýan etmegine görä partlamadan soň 900 adam mekdeplere, metjitlere we obalardaky boş ýerlere ewakuasiýa edildi.

By
Semeru dagy Ýawanyň iň beýik wulkany we örän işjeň stratowulkandyr. / TRT Global

Ýawa adasynda wulkaniki dagyň ýarylmagyndan soň ýüzlerçe indoneziýaly wagtlaýyn gaçybatalgalarda ýaşaýardy. Resmi adamlar wulkan dagynyň eňňitlerinden 190 adamy ewakuasiýa etdi.

Gündogar Ýawadaky Semeru dagy çarşenbe güni günortadan soň atyldy, kül we çykan gaz 13 müň kilometrden gowrak meýdana ýaýrady.

İndoneziýanyň Geologiýa gullugy wulkaniki hereketleriň azalandygyna garamazdan, penşenbe güni tolkunlanmanyň dowam edýändigini habar berdi.

Tebigy betbagtçylyklar gullugynyň resmisi Sultan Sýafaat partlamadan soň 900-e golaý adamyň  mekdeplere, metjitlere we obalardaky boş ýerlere göçürilendigini aýtdy. Sýafaat: “Gijelerine gorkulary dowam edýändigi üçin gaçybatalgalarda ýatýarlar” diýdi.

“Resmi adamlar penşenbe güni wulgak dagynyň eňňitlerinden 190 adamy halas etdi. Şolaryň esasy bölegi partlamadan soň kemping zolagynda galan syýahatçylardy” diýip, Semeru gyraghanasynyň başlygy Rudižanto Týahýa Nugraha aýtdy.

Semeru dagynda 2021-nji ýylda bolan partlamada 50-den gowrak adam ölüpdi, 5 müň öýe zeper ýetipdi, 10 müňe golaý adam bolsa gaçybatalgalara göçmeli bolupdy.

İndoneziýa kontinental plitalaryň birikýän ýerinde we esasy wulkaniki hem-de seismiki hereketleriň bolýan “Ot halkasynyň” üstünde ýerleşýär.