ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio şenbe güni “Bloomberg” agentligine beren beýanatynda prezident Donald Trampyň Eýran bilen meseleleri gepleşikler arkaly çözmäge has köp üns berýändigini belläp: “Prezident Eýran bilen ylalaşyga gelmäge has köp üns berýändigini aýtdy. Muny etmek örän kyn, ýöne ol synanyşar. Häzirki wagtda biz hem şony etmäge synanyşýarys” diýdi.
Rubio milli döwletleriň biri-biri bilen özara gatnaşykda bolmalydygyny aýdyp: “Men hemmeler bilen duşuşmaga taýýar prezidentiň ýolbaşçylygynda işleýärin. Eger Aýatullah Ali Hameneý ertir prezident Tramp bilen duşuşmak isleýändigini aýtsa, prezidentiň onuň bilen duşuşjakdygyna doly ynanýaryn; sebäbi ol Aýatullah bilen şol bir pikirde bolmagy däl, onuň dünýä meselelerini çözmegiň ýoludygyny pikir edýändigi üçin” diýip belledi.
ABŞ-nyň ikinji uçargöter gämisiniň Ýakyn Gündogara ýerleşdirilmegi bilen bagly soraga, Rubio Eýranyň ýadro ýaraglaryny edinmegine "hiç haçan rugsat berilmejekdigini" aýtdy we muny ABŞ-nyň, Ýewropanyň, sebitiň we global howpsuzlygyna howp hökmünde häsiýetlendirdi.
Rubio Waşingtonyň sebitdäki ýaranlarynyň kömegi saýasynda harby bazalarynyň bardygyny belläp: "Eýran ABŞ-nyň sebitdäki barlygyna garşy gaýtawul bermäge taýýardygyny we ukybyny görkezdi, şonuň üçin biz öz güýçlerimiziň sebitde bolmagyny isleýäris" diýdi.
Rubio: “Eýran geçmişde bizi ýa-da biziň bazalarymyzy nyşana almaga we howp salmaga taýýardygyny görkezdi. ABŞ-nyň Eýranyň ýalňyşlyk goýbermeginiň we has uly wakanyň döremeginiň öňüni almak üçin sebitde ýeterlik harby güýjüne eýe bolmalydyr” diýip belledi.












