TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan Tasulas bilen duşuşyk geçirer
Ikitaraplaýyn duşuşyk Dolmabahçe köşgünde geçiriler.
Prezident Erdogan Tasulas bilen duşuşyk geçirer
Prezident Erdogan Tasulas bilen duşuşyk geçirer
 

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran Prezident Erdoganyň Stambulda Gresiýanyň prezidenti Konstantinos Tasulas bilen duşuşyk geçirjekdigini habar berdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran sosial media hasabyndan geçiriljek duşuşyk barada maglumat berdi.

Duran beýanatynda: "Prezidentimiz jenap Rejep Taýýip Erdogan 2026-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Stambulda Gresiýanyň prezidenti Konstantinos Tasulas bilen duşuşyk geçirer" diýdi.

Ikitaraplaýyn duşuşyk Dolmabahçe köşgünde geçiriler.