Ýemendäki Husiler, Hudeýde porty nyşana alynan halatynda Saud Arabystanynyň Gyzyl deňiziň kenarynda ýerleşýän ähli portlaryna hüjüm guramak bilen hemle atdy.
Husileriň metbugat sekretary Ýahýa Seri, Ýemeniň hökümetine goldaw berýän Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky Arap Koalisiýasynyň Hudeýde porty hakynda beren çagyryşy barada beýannama berdi.
Hudeýde porty nyşana alynan halatynda Jidde porty bilen birlikde Gyzyl deňiziň kenarynda ýerleşýän Saud Arabystanyna degişli ähli portlara hüjüm gurajakdyklaryny aýdan Ýahýa Seri, “Şol portlarda işleýänlere we golaýdaky işler ýerlerine sebiti gyssagly terk etmekleri we deňizçilik firmalaryna hem gämileriniň portlardan çekmekleri üçin çagyryş edýäris” diýdi.
Saud Arabystanynyň öňbaşçylygyndaky Arap Koalisiýasynyň metbugat sekretary Turki al Maliki hem Ýemeniň Gyzyl deňiziň kenaryndaky Hudeýde portundaky asuda ilata porty terk etmekleri üçin çagyryş edipdi.
Husileriň Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatdaky Maliýe merkezine guran dron hüjümine ünsi çeken Maliki, Husileriň bu hüjümine degişli gaýtawuly görkezjekdiklerini aýan etdi.













