DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady
Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilen Krym dolanşygynyň başlygy Sergeý Aksýonow Ukrainanyň goşunynyň Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurandygyny habar berdi.
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady
Russiýa: Ukraina Krym köprüsine ýene-de hüjüm gurady

Sergeý Aksýonow bu mesele barada sosial media hasabyndan beýanat berdi.

Aksyonow ukrain goşunynyň Krym köprüsine ýene-de bir hüjüm gurandygyny belläp: "Ähli degişli bölümler öz ýerlerinde. Zyýanyň möçberini kesgitlemek işleri alnyp barylýar" diýip aýtdy.

Şu hepdäniň başynda ukrain goşunynyň Krym köprüsine hüjüm gurandygy we köprä zeper ýetendigi habar berlipdi.

Russiýanyň Derňew komiteti bu wakany "terrorçylykly hüjüm" hökmünde häsýetlendiripdi we derňew başladypdy.

Russiýanyň wise-premýer-ministri Marat Husnullin prezident Wladimir Putine köprüdäki ýagdaý barada maglumat berdi.

2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda anneksiýa edilen Krymy Russiýanyň territoriýasyna birleşdirýän "Kerç köprüsi" diýlip hem atlandyrylýan köprü strategik ähmiýete eýedir.