Ysraýylyň goşunynyň ot açmazlyk ylalaşyga garamazdan Gaza zolagyndaky öýleriň birine guran hüjüminde şol bir maşgaladan 4 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.
Şypa hassahanasynyň resmileri hüjümde ýogalan ejäniň, kakanyň we iki gyzynyň jesetleriniň, şeýle hem ýaralananlaryň hassahana getirilendigini mälim etdiler.
Ýerli habar çeşmesi hem Ysraýyla degişli dikuçarynyň Gaza şäheriniň günbatarynda ýerleşýän Şati bosgun düşelgesindäki öýleriň birine azyndan bir raketa bilen hüjüm gurandygyny we hüjümiň netijesinde şol bir maşgaladan ejäniň, kakanyň we iki gyzynyň ölendigini, beýleki maşgala agzalarynyň bolsa ýaralanandygyny habar berdiler.
Ysraýylyň goşuny 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda güýje giren ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Gaza zolagyndaky hüjümlerini dowam etdirýär.
Gaza zolagyndaky Saglygy goraýyş ministrliginiň iň soňky beýanatyna görä, ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşygyň güýje girmeginden bäri Ysraýylyň guran hüjümlerinde 1679 palestinaly öldürildi, 6100 adam ýaralandy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýylyň Gaza zolagynda guran hüjümlerinde ýogalanlaryň umumy sany 74746 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 176234 adama ýetdi.














