ÝB Gaza serhedinde gözegçiligiň ýola goýulmagyna goldaw berer
DÜNÝÄ
2 minut okamak
ÝB Gaza serhedinde gözegçiligiň ýola goýulmagyna goldaw berer27 ýurtdan ybarat gurama, 2005-nji ýylda Rafah gümrük geçelgesinde gözegçiligiň ýola goýulmagy üçin raýat missiýasyny döredipdi. Toparyň işi 2 ýyl soň bes edilipdi
ÝB Gaza serhedinde gözegçiligiň ýola goýulmagyna goldaw berer
13 Oktýabr 2025

Ýewropa Bileleşiginiň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Kaža Kallas, duşenbe güni beren beýannamasynda, ÝB-niň Gaza ylalaşygyna goldaw bermek maksady bilen çarşenbe günü Gaza bilen Müsüriň arasynda ýerleşýän Rafah gümrük geçelgesine gözegçilik etmek maksady bilen raýat missiýasynyň gaýtadan öz işine başlajakdygyny aýtdy.

Kallas Hamasyň ylalaşygyň çäginde ysraýylly ýesirleri boşatmagyndan soň X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda “ÝB öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge taýar”diýdi.

27 ýurtdan ybarat gurama, 2005-nji ýylda Rafah gümrük geçelgesinde gözegçiligiň ýola goýulmagy üçin raýat missiýasyny döredipdi. Emma missiýanyň işi Palestinli söweşjeň topar Hamasyň Gazanyň gözegçiligini ele geçirmeginden 2 ýyl soň bes edilipdi.

ÝB-niň gözegçilik missiýasy EUBAM Italiýadan, Ispaniýadan we Fransiýadan geljek polis güýjüni öz içine alýar.

Şol missiýa ýanwar aýynda sebite ugradylypdy, emma mart aýynyň başynda yzyna dolanmaly boldy.

Duşenbe güni ýesirleriň boşadylmagyna kanagatlanma bildiren Kallas, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ylalaşygyň gazanylmagynda uly rol oýnandygyny belledi.

Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bolsa duşenbe güni Şarm Al-Şeýh şäherinde geçirlen we söweşiň bes edilmeginde uly rol oýnan Gaza sammitini “taryhy öwrülşik nokady” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ursula fon der Laýen “Ýewropa Komissiýasy ABŞ-nyň, Kataryň, Müsüriň we Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde gazanylan ylalaşyga we parahatçylyk meýilnamasyna doly goldaw berýär” diýdi.

Müsüriň Şarm A-Şeýh şäherinde geçirilýän Gaza sammitine ÝB-niň adyndan Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antonio Kosta gatnaşýar.

 

Öwren
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi
Nýu-Ýorkuň taryhyna adyny ýazdyran ýaş musulman dalaşgär: Zohran Mamdani
Ghazala Haşmi ABŞ-da ştat derejesindäki wezipä saýlanan ilkinji musulman amerikaly zenan boldy
Bosniýada garrylar öýünde bolan ýangynda 10 adam ýogaldy, 20 adam ýaralandy