DÜNÝÄ
1 minut okamak
Tebigata islenilmeýän çozuş: Islandiýada ilkinji gezek çybynlar hasaba alyndy
Sowuga çydamly görnüşler, mör-möjekleriň hemişelik mesgen tutandygyny görkezip biler; oňa bolsa klimat krizisiniň jogapkärdigi aýdylýar.
Tebigata islenilmeýän çozuş: Islandiýada ilkinji gezek çybynlar hasaba alyndy
çybyn
21 Oktýabr 2025

Islandiýanyň hasaba alnan taryhyndan bäri ilkinji gezek adada çybynlar görüldi. Şu aý, Hwalfordýuryň golaýyndaky Kos atly obalyk ýerdäki jülgede üç sany çybyn nusgasy tapyldy.

Tapyndy, mör-möjekler bilen gyzyklanýan Born Hýaltason tarapyndan FacebookdakyIslandiýadaky mör-möjekler” toparynda paýlaşdy we duşenbe güni Islandiýanyň milli ýaýlym gullugy tarapyndan habar berildi.

Nusgalar Islandiýanyň Tebigat taryhy Institutyna derňew üçin gowşuryldy, entomolog Matthias Alfredsson olaryň hakykatdanam çybynlardygyny tassyklady.

Bu görnüşler Demirgazyk Ýewropada giňden ýaýran we sowuga çydamly çybyn görnüşi bolan Culiseta annulata diýlip kesgitlenildi.

Matthias çybynlaryň adatça gyş aýlarynda ýerzeminler we haýwanlaryň gaçybatalgalary ýaly kölegeli ýerlerde gizlenýändiklerini aýtdy. Ol: “Çybynyň bu ýerde hemişelik mesgen tutmagy gaty ähtimal" diýip belledi.

Çybynlar wagtal-wagtal uçarlarda gaçgak ýolagçy hökmünde Islandiýa gelen hem bolsalar, adada ýaşandyklary barada hiç hili subutnama ýokdy.

Alymlar esasanam 2015-nji ýylda mokresylaryň Islandiýada mesgen tutmagyndan soň, çybynlaryň bir gün Islandiýada ýerleşip biljekdigini köpden bäri çaklaýardylar.

Islandiýada çybynlaryň tapylmagy howanyň we daşky gurşaw krizisleriniň sowuklyga çydamly mör-möjek görnüşleriniň Arktikada has giňelmegine sebäp bolup biljekdigini görkezýär.

Öwren
Ysraýylyň Liwan-Siriýa serhedine guran hüjüminde 4 adam ýogaldy
Ukraina Gara deňziň möhüm portuna hüjüm gurady; Russiýa bolsa Zaporožýedäki bir obany basyp aldy
Ysraýyl Gazada guran soňky hüjümlerinde 30 palestinalyny öldürdi
"ABŞ sanksiýalary ýatyran halatynda, Eýran ýadro gepleşiklerinde egilşik etmäge taýýar"
Rubio: Tramp Eýran bilen ylalaşyk baglaşmagy has makul görýär
Ysraýyl ylalaşygyň düzgünini bozup ýene-de Liwana hüjüm gurady
“BRICS-iň harby hyzmatdaşlyga öwrülmegi barada öňe sürülýän garaýyşlar asylsyz”
Bangladeşde ýekşenbe gününe çenli täze hökümet gurlar
Tähran müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan  ýörişlerden soň derňew komissiýasyny döredýär
Russiýanyň Odessa portuna guran howa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 6 adam ýaralandy
Taryk Rahman Bangladeşiň Premýer-ministri bolar
Russiýa Kuba energiýa kömegini berer
Siriýa ABŞ-nyň Iordaniýa çekilmeginden soň Al Tanf bazasyny ele geçirdi
ABŞ bilen Meksika kokaina garşy egilşiksiz göreşini dowam etdirýär
Bangladeşde 2024-nji ýyldaky pitneden soň ilkinji gezek saýlaw geçirilýär
Rus harby desgasyna degen raketanyň galyndylary sebäpli golaýdaky oba boşaldyldy
Pezeşkiýan: “Eýran artykmaç talaplara boýun egmez” diýdi
Russiýanyň Ukraina guran hüjüminde 4 adam öldi
Polşa Russiýanyň rus harbysynyň janyna kast etmek synanşygy bilen bagly aýyplamalary ret edýär
Russiýa Ukrainanyň Odessa şäherinde energetika desgasyny nyşana aldy