Gazada öldürilen žurnalistleriň sany 256-a ýetdi

ABŞ-nyň goldaw beren Gazadaky ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk dowam edýän mahaly, palestinaly žurnalist Mohammed Al Muneerawi Ysraýylyň hüjüminde öldürildi.

Gaza

Palestinaly žurnalist Mohammed Al Muneerawi sişenbe güni ABŞ-nyň goldaw bermeginde ýola goýlan Gaza ýaraşygy döwründe Ysraýylyň Nuseýrat bosgun düşelgesine guran howa hüjüminde öldürildi. Al Muneerawi " Falasteen" gazetinde işleýärdi.

Gaza hökümetiniň metbugat edarasy Al Munerawiniň ölümi bilen 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri öldürilen palestinaly žurnalistleriň sanynyň 256-a ýetendigini habar berdi. Edara Ysraýyl goşunynyň "palestinaly žurnalistleri maksatly we yzygiderli nyşana almagyny, öldürmegini" berk ýazgardy.

Beýanatda halkara jemgyýetçiligine we media guramalaryna "Ysraýylyň basyp alyşlygyny ýazgarmaga, çäklendirmege we kazyýet işine çekmäge, şeýle hem uruş jenaýatçylarynyň adalat öňünde jogap bermegini üpjün etmäge" çagyryş berildi. Gaza hökümetiniň metbugat edarasy şeýle hem "genosidi bes etmek, Gazadaky žurnalistleri we metbugat işgärlerini goramak, şeýle hem dowam edýän adam öldürmek we janyna kast etmek jenaýatlarynyň öňüni almak üçin çynlakaý we netijeli basyş edilmegini" talap etdi.

Palestinaly resmileriniň beren maglumatyna görä, sişenbe güni agşam Ysraýylyň goşuny 10-njy oktýabrdan bäri dowam edýän ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, Gazada 100-den gowrak palestinalyny, şol sanda 35 çagany öldürdi.

Ysraýylyň Gazada 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri guraýan hüjümlerinde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 68500-den gowrak palestinaly ýogaldy, 170000-den gowrak adam ýaralandy.