Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň habar çeşmelerinden alnan maglumata görä, ministr Hakan Fidan Ýewropa Komissiýasynyň Ylalaşyk we özgertmeler boýunça jogapkär wise-prezidenti Raffaele Fitto bilen duşuşdy.
Duşuşykda ministr Fidan Fittonyň Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekdäki tagallalaryna we konstruktiw roluna ýokary baha berýändiklerini aýtdy we Türkiýäniň ÝB bilen gatnaşyklara we hyzmatdaşlyga berýän ähmiýetini nygtady.
Ministr Fidan Türkiýäniň we ÝB-niň umumy bähbitlere esaslanyp möhüm ädimler ädip biljekdigini belläp, "Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň geljeginiň Kipr grek bölegi tarapyndan zamun alynmagyna ýol berilmeginiň" dogry strategiýa däldigini nygtady.
Ministr Fidan şeýle hem Gümrük Bileleşigini täzelemegiň Türkiýäniň we ÝB-niň umumy ykdysady bähbitlerine hyzmat etjekdigini we bu meseläniň Kipr meselesi bilen baglanyşdyrylmaly däldigini aýtdy.












