DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
ABŞ-nyň Kongresiniň Gözegçilik gullugynyň hasabatynda beýan edilmegine görä ýurt 28-nji fewraldan bäri dowam edýän Eýran urşunda 81 uçaryny ýitirdi ýa-da olara düýpli zeper ýetdi.
ABŞ-nyň Eýran urşunda 81 harby uçary ýitdi ýa-da düýpli zeper ýetdi
ABŞ - Eýran urşy (Arhiw)

ABŞ-nyň Kongresiniň Gözegçilik gullugy Eýran bilen bolan uruş döwründe çekilen uçar ýitgisi barada hasabat taýýarlady.

Hasabatda beýän edilmegine görä ABŞ-nyň 28-nji fewralda Eýrana garşy hüjümlere başlamagyndan bäri dikuçarlar, uçarlar we uçarmansyz howa enjamlary (UHE) bilen birlikde jemi 81 uçar ýa düýbünden ýitdi, ýa-da olara düýpli zeper ýetdi.

Kongresiň Býujet býurosynyň maglumatlaryna salgylanylýan hasabatda bellenilmegine görä bu ýitgiler bilen baglanyşykly umumy çykdajy Goranmak ministrliginiň täzeleýiş meýilnamalaryna baglylykda 1,9 milliard dollar bilen 3,3 milliard dollar aralygynda üýtgeýär.