Gaza genosidi sebäpli 100 müň ysraýylly ýurdy terk etdi

Lukmanlar bilen birlikde hünärmenleriň Ysraýylly terk etmegine uly alada bildirilýär.

By
Gaza genosidi sebäpli 100 müň ysraýylly ýurdy terk etdi / Reuters

Tel-Awiw uniwersiteti soňky 15 ýylda ýurdy terk edenler hakynda ylmy barlag geçirdi.

Uniwersitet tarapyndan geçirlen ylmy barlag esasan Ysraýylyň alyp barýan Gaza genosidi söweşi we 2023-nji ýyldan soň başdan geçirlen wakalar sebäpli ýurdy terk edenleri öz içine alýar.

Ylmy barlagyň netijesine görä, 2023-2024-nji ýyllarda 950 lukman Ysraýyly terk etdi. Yzyna dolananlar göz öňünde tutulan halatynda şol san 510 hökmünde hasaplandy.

Ýurdy terk eden lukmanlaryň 2/3 bölegi Ysraýyldaky lukmançylyk fakultetlerini tamamlan uçrumlardan ybarat. Şol sanyň ozalky ýyllar bilen deňeşdirilende has ýokarydygy nygtaldy.

Ylmy barlag Ysraýylyň Merkezi Hasabat gullugynyň, Ýokary bilim geňeşiniň, Saglygy goraýyş ministrliginiň we Salgyt edarasynyň görkezijilerine esaslanýar.

Yza dolanýanlaryň sany azalýar

Ylmy barlag 2023-2024-nji ýyllarda jemi 100 müň ysraýyllynyň ýurdy terk edendigini görkezýär, ýagny ýylda ortaça 50 müň adamyň Ysraýyly terk edendigi çaklanylýar.

Alymlar ýurdy terk edenleriň esasy böleginiň lukmanlardan, ylmy işgärlerden we inženerlerden ybarat bolmagyna uly alada bildirýär.

Ýokary girdejeli gatlagyň ýurdy terk etmäge dowam etmeginiň ykdysady taýdan uly ýitgi çekilmegine sebäp boljakdygyna üns çekilýär.

Hünärmenler ýurdy terk edýänleriň sanynyň artmagynyň Ysraýyl üçin howplydygy barada duýduryş berýär.