Düýn gije birnäçe drona gabat gelnendigi sebäpli ýapylan Germaniýanyň Mýunhen howa menzili anna güni uçuşlara gaýtadan başlady.
Bu waka Ýewropada awiasia pudagynda başdan geçirlen soňky waka hökmünde bellige alyndy.
Daniýadaky, Norwegiýadaky we Polşada howa menzillerinde uçuşlar soňky döwürde dronlar sebäpli bökdelýär.
Ruminiýa we Estoniýa bu wakalardan Russiýanyň jogapkärdigini öňe sürýär. Emma Russiýa günäkärlemeleri kabul etmeýär.
Mýunhen howa menzili penşenbe gijesi birnäçe drona gabat gelnendigi sebäpli howa giňişligini ýapan soňky howa menzili boldy.
Bu waka 30-den gowrak uçuşyň yza süýşürilmegine ýada başga howa menzillerine gönükdirilmegine sebäp boldy. Uçuşlaryň bes edilmegi 3 müň ýolagça ýaramaz täsirini ýetirdi.
Uçuşlar anna güni ir ertir gaýtadan başlady. Uçarlaryň ýerli wagt bilen 05.50-de howa menzilinden uçandygy habar berildi.
Germaniýanyň Lufthansa howa ýoly firmasynyň metbugat sekretary “Uçar saparlary meýilleşdirilşi ýaly gaýtadan başlady” diýdi.
Metbugat sekretary “Howa menziliniň ýapylmagy sebäpli Lufthansanyn 19 uçuşy bes edildi ýada başga ýerlere gönükdirildi” diýip belledi.
Howpsuzlyk güýçleriniň metbugat sekretary AFP-ä beren beýannamasynda, penşenbe güni halkara wagt boýunça 19.30 töweregi birnäçe adamyň howa menziliniň golaýynda dron görendigini we bu wakanyň bir-iki uçuş meýdançasynyň bir sagadyň dowamynda ýapylmagyna sebäp bolandygyny mälim etdi.
Nemes hökümetiniň ýolbaşçylary dronlaryň kime degişlidigini anyklamak üçin derňew işini gozgady.
Mesele hakynda berlen beýannamada “dronlaryň görnüşi we sany hakynda hiç hili maglumat ýok” diýildi.
“Dron diwary”
Daniýada gabat gelinen dronlar we Moskwanyň Estoniýanyň we Polşanyň howa giňişligine girmegi, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleriniň Ýewropanyň serhetlerinden geçip biljekdigi baradaky gorkulary artdyrdy.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, penşenbe güni Ýewropa ýurtlaryna duýdyryş berdi we dronlar meselesiniň Moskwanyň hüjümlerini artdyrmagy meýilleşdirýändigini görkezýändigine ünsi çekdi.
Germaniýa geçen hepde ýurduň çar tarapynda harby we senagat zolaklarynda birnäçe drona gabat gelnendigini mälim etdi.
Içeri işler ministri Aleksander Dobrindt, Berliniň şol howplara garşy degişli gaýtawuly görkezjekdigini mälim etdi.
Daniýa hem dronlar sebäpli adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna geçdi. Premýer ministri Frederiksen geçen hepde beren beýannamasynda Ýewropanyň howpsuzlygyna wehim salýan ýeke-täk ýurduň Russiýadygyny mälim etdi.









