Sudanyň harby goşuny tarapyndan penşenbe güni berlen beýannamada, “howa goranyş ulgamlary Günorta Kordofan sebitinde ýerleşýän Kadugliniň günbatarynda duşmanyň uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi” diýildi.
Beýannamada, Sudanyň harby goşunynyň penşenbe güni ir ertir FH-95 kysymly uçarmansyz howa ulagyny urup düşürendigi nygtaldy.
Bu waka, adam hukuklary guramasynyň paramilitar RSF güýçleriniň guran dron hüjüminde azyndan 19 adamyň ýogalandygyny, 25 adamyň ýaralanandygyny mälim etmeginden bir gün soň başdan geçirildi.
Sudanyň harby goşuny bilen RSF güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar 2023-nji ýylyň aprel aýynda başlapdy.
Çaknyşyklar on müňlerçe adamyň ýogalmagyna we millionlarça adamyň hem ýaralanmagyna sebäp boldy.












