Ysraýylyň “Ýediot Ahronot” gazetiniň Ysraýylyň Baş ştabynyň ýokary çinli harbysyna esaslanýan habaryna görä, Ysraýylyň harby goşuny, Eýran we wekilleri bilen söweşiň azyndan 1 aý dowam etmegi üçin taýarlyk görýär.
Ysraýylyň harby ýolbaşçylarynyň öňümizdäki günlerde çaknyşyklaryň möwjemek ähtimallygyna garşy, harby goşunyň söweşe taýarlyk derejesini ýokarlandyrandygy nygtaldy.
Taýarlyklaryň howa goranyş ulgamlarynyň güýçlendirilmegini, goşmaça güýçleriň ornaşdyrylmagy we häzirki çaknyşyklar dowam eden ýada başga frontlara ýaýran halatynda uzak möhletli harby operasiýalara taýarlygy öz içine alýandygy bellenildi.
Synçylar Ysraýylyň harby goşunynyň uzak möhletli söweşe taýarlyk görmegine alada bildirýär we häzirki çaknyşyklaryň birnäçe hepde ýada has uzak möhletli giň gerimli sebitara çaknyşyklara öwrülip biljekdigine ünsi çekýär.












