DÜNÝÄ
1 minut okamak
Lufthansa uçary bomba howpy sebäpli Frankfurt şäherine gaýdyp bardy
Resmileriň maglumat bermegine görä Hindistanyň Haýdarabad şäherine tarap barýan we 200 ýolagçysy bolan Boeing Dreamliner uçary, Bolgariýanyň howa giňişliginde bolan mahaly yzyna dolandy we Frankfurt şäherine howpsuz ýagdaýda gondy.
Lufthansa uçary bomba howpy sebäpli Frankfurt şäherine gaýdyp bardy

Lufthansa howa ýollaryna degişli uçar, ýekşenbe güni asmanda bolan mahaly, bombanyň bardygy barada alan maglumatdan soň Frankfurt howa menziline yzyna dolandy. Germaniýanyň Polisiýa gullugy duşenbe güni wakanyň dogrudygyny tassyklady.

Boeing 787-9 Dreamliner bilen amala aşyrlan LH752 uçar saparyny ýerine ýetirýän uçar ýekşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 18:30-da Frankfurt howa menziline howpsyz ýagdaýda gondy. Bu maglumat döwlet ýaýlym organy HR tarapyndan paýlaşyldy.

Resmiler derňewiň dowam edýändigi sebäpli howpuň nädip ýa-da nireden alnandygy barada maglumat bermedi.

Uçuş yzarlaýyş maglumatlary, uçaryň takmynan 2 sagadyň dowamynda howada bolandygyny we Gara deňiziň golaýynda yzyna öwrülmeden ozal Bolgariýanyň howa giňişliginde bolandygyny görkezýär.

Uçaryň duşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 01:20-de Haýdarabad şäherine barmagy meýilleşdirilýärdi.

Öwren
Pakistan bilen Malaýziýa howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada ylalaşdylar
Ýaponiýada oýun merkezini oda berip 5 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan tussagly asylyp öldürildi
Siriýadan Daşary işler ministri derejesinde 19 ýyl soň Pakistana ilkinji sapar guraldy
Indoneziýada bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 71 adama ýetdi
Russiýanyň Ukrainanyň paýtagtyna guran hüjüminde 8 adam ýogaldy, 33 adam ýaralandy
Russiýa bilen Ukraina BAE-niň araçylygy bilen 103 tussaglyny 103 tussagla çalşdylar
Braziliýada ýük ulagy bilen awtobusyň kakyşmagy sebäpli 21 adam ýogaldy
KDR-da Ebola bilen kesellän adamlaryň sany artýar
Eýranyň Mejlisiniň Başlygy Kalibaf Yrakda saparda bolýar
Hindistanyň Günbatar Bengal welaýatynda myhmanhanada bolan ýangyn sebäpli dokuz adam ýogaldy
Hytaýyň Syçuan welaýatynda binanyň diwarynyň çökmegi netijesinde bäş adam ýogaldy
Britaniýada salmonella epidemiýasy sebäpli 1 adam ýogaldy, 207 adam bellige alyndy
Tramp Ormuz bogazyny "ABŞ-nyň territoriýasy" hökmünde görkezýän suraty paýlaşdy
“Russiýa bilen Demirgazyk Koreýa täze köp blokly dünýä ulgamyny gözleýär”
Ukrainanyň birnäçe hepde bäri rus hüjümlerine garşy “Patriot” ulanyp bilmeýändigi öňe sürüldi
Fransiýa tokaý ýangynlaryna garşy göreşine goldaw beren ýurtlara minnetdarlyk bildirdi
Filippinde mekdebe guralan ýaragly hüjümde 4 adam ýogaldy
UKMTO: “Ormuz bogazynda bir gämi nyşana alyndy”
Ysraýyl Siriýanyň Idlib welaýatyndaky Abu Zuhur harby howa menziline hüjüm gurady
Russiýanyň Ukraina guran howa hüjüminde 4 adam ýogaldy