DÜNÝÄ
2 minut okamak
ABŞ-da ýanwar aýyndan bäri ýarym million bikanun immigrant saklandy
ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem tussag edilenleriň 70 göteriminiň jeýanat işine gatnaşandygyny ýa-da haýsydyr bir jenaýatdan gözlenýändigini aýtdy.
ABŞ-da ýanwar aýyndan bäri ýarym million bikanun immigrant saklandy
ABŞ-da ýanwar aýyndan bäri ýarym million bikanun immigrant saklandy
21 Oktýabr 2025

ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk ministri Kristi Noem Prezident Donald Trampyň ýanwar aýynda iş başyna gelmeginden bäri ýurtda 480 müňden gowrak resminamasyz immgrantyň tussag edilendigini aýtdy.

Ýekşenbe güni Floridada geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Noem “Ýanwar aýyndan bari İçerki howpsuzlyk ministrligi 480 müňden gowrak jenaýatçy ýa-da bikanun immigranty tussag etdi. Şolaryň 70 göterimi günäkärlenýänler ýa-da etmişi sebäpli jezalandyrylanlardan ybarat” diýdi.

Kristi Noem; “Ýurtda halklaryň howpsuzlygyny berkidýäris, şeýlelikde maşgalalar erkin we eşretli ýaşarlar hem-de azatlygy ýola goýmak üçin gurlan ýurtdan lezzet alarlar” diýdi.

Ministrlik sentýabr aýynda 20-nji ýanwardan bäri 2 million bikanun immigrantyň ABŞ-dan gidendigini habar beripdi. Berilen beýannama görä şolaryň 1,6 milliony meýletin ýagdaýda ýurtdan gidenlerden, 400 mün sanysy bolsa ýurtdan çykarylanlardan ybarat.

 “Rekord dereje”

Beýleki tarapdan Donald Tramp duşenbe güni beren beýannamasynda iş möhletinde alynyp barulýan “rekord derejedäki” işlere kanagatlanma bildirip, Merkezi razwedka gullugynyň zorlukly jenaýatlar, bikanun neşe söwdasyna garşy operasiýalar we çagalary goramak ugrundaky işleri bilen bagly täze görkezijilerini mysal getirdi.

“Trut sosial” hasabyndan habarnama beren Tramo; “Hökümetiň ýolbaşçylyk etmeginde FBY uly üstünlik gazanýar. 20-nji ýanwardan bäri 28 müňden gowrak zorlukly jenaýatçy tussag edildi, 6 müňden gowrak bikanun ýarag ele salyndy, 1,700-den gowrak pedofili jenaýatçysy we 300 adam söwdasyny edýän köçelerden saplandy” diýdi.

Tramp şeýle hem 5 müň çaganyň halas edilendigini we gullukçylaryň 1,900 kilogram fentanili ele salandygyny beýan edip, onuň “125 million adamy öldürmäge ýetjek mukdardygyny” aýtdy.

Öwren
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi
Ysraýyl Günbatar Şeria guraýan hüjümlerini artdyrýar
Britaniýada 25 müňden gowrak adam Ysraýylyň halkara futboldan çetleşdirilmegine goldaw berdi