ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Florida ştatyndaky Mara-Logo kabulhanasynda NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte metbugata ýapyk häsiýetinde geçen duşuşykda, Russiýa-Ukraina söweşi we Eýrandaky çaknyşyklar we guramanyň goranyş çykdajylarynyň artdyrylmagy meselesi hakynda pikir alyşdy.
Duşuşykdan soň berlen bilelikdäki beýannamada, Tramp bilen Rutteniň Gagada we Ankarada geçirlen NATO-nyň liderler sammitinde kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilşi hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Beýannamada duşuşykda şeýle hem ABŞ-da hem-de NATO-da goranyş çykdajylarynyň artdyrylmagy meselesiniň gün tertibine getirlendigi bellenildi.












