SYÝASAT
1 minut okamak
Ysraýylyň goşuny bölekleýin ýagdaýda Gazanyň gündogaryna tarap çekilmäge başlady
Ysraýylyň “Kanal 12” teleýaýlymy Ysraýylyň harby güýçleriniň Rafahdan we Han Ýunusdan hem-de Gazanyň demirgazygyndan gündogara tarap çekilip, Ysraýyl serhedine ýakynlaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Ysraýylyň goşuny bölekleýin ýagdaýda Gazanyň gündogaryna tarap çekilmäge başlady
Ysraýylyň goşuny bölekleýin ýagdaýda Gazanyň gündogaryna tarap çekilmäge başlady
10 Oktýabr 2025

Ysraýylyň habar beriş serişdeleri Ysraýylyň goşunynyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gabaw astyndaky Palestindäki urşy bes etmek hakyndaky meýilnamasynda görkezilýän sebitlere tarap bölekleýin ýagdaýda çekilmäge başlandygyny mälim etdi.

 Ysraýylyň “Kanal 12” teleýaýlymy anna güni beren habarynda “Gelejek 24 sagadyň dowamynda Ysraýylyň goşuny Trampyň meýilnamasynyň çäginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda  Gazanyň käbir sebitlerinden Sary zolaga tarap çekilmegi tamamlar” diýilýär.

Habarda şeýle hem “Ysraýylyň goşunynyň Rafahdan we Han Ýunusdan hem-de Gazanyň demirgazygyndan gündogara tarap çekilmegi we Ysraýylyň döwlet serhedine golaýlaşmagyna garaşylýar” diýilýär.

Tramp Penşenbe güni ir säher Ysraýyl bilen Hamasyň atyşygy bes etmek we ýesir çalşygy hakyndaky meýilnamanyň birinji tapgyry boýunça ylalaşandygyny beýan edipdi.

Ylalaşyk Türkiýäniň, Müsüriň we Kataryň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ABŞ-nyň gözegçilik etmeginde taraplaryň arsynda Müsüriň Şarm al-Şeýh şäherinde 4 gün dowam eden gepleşiklerden soň gazanyldy.

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär