Paşinýan "Azerbaýjana bilelikdäki iş meýilnamasynyň taýarlanmagyny teklip edýärin” diýdi

Paşinýan Garabag meselesini çözmek üçin Azerbaýjan bilen bilelikdäki iş meýilnamasynyň taýarlanmagy barada çagyryş etdi

By
Paşinýan "Azerbaýjana bilelikdäki iş meýilnamasynyň taýarlanmagyny teklip edýärin” diýdi / Reuters

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Garabag meselesiniň çözülmegi üçin Azerbaýjana bilelikdäki iş meýilnamasynyň taýarlanmagyny teklip etdi.

Premýer-ministr Paşinýan Germaniýada metbugata beren beýannamasynda “Garabag meselesiniň çözülmegi üçin Azerbaýjana bilelikdäki iş meýilnamasynyň taýarlanmagyny teklip edýärin” diýdi.

Paşinýanyň bu beýannamasy, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň sişenbe güni Ermenistan bilen ÝB-niň arasynda üstümizdäki aýyň başynda kabul edilen strategik gün tertibi bilen arabaglanşyky resminama berlen jogap hökmünde kabul edildi.

Baku strategik gün tertibi hakyndaky resminamada ýer alan “Azerbaýjanyň harby operasiýalaryndan soň ýerini terk eden Garabag ermenileri sözüni” berk tankyt edipdi.

Azerbaýjan mundan başgada şol toparyň “bosgun” hökmünde atlandyrylmagyny “Azerjabaýjana garşy bolan tutumyň anyk mysaly” hökmünde häsiýetlendirdi.

“Garabag hereketi gaýtadan başladylmaly däl”

“Ermenileriň Garabaga dolanmagyny” howply hökmünde häsiýetlendiren Paşinýan, meseläniň ortadan aýrylmagynyň uzak möhletde haýsydyr bir çaknyşygyň ýüze çykmagy ähtimallygynyň ortadan aýrylmagy” manysyny aňlatjakdygyny belledi.

Paşinýan “Garabagdaky halkymyza yzyna dolanmaklarynyň dogry bolmandygyny aýtdym” diýdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri “Eger yzyna dolanmak meselesi gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam eden halatynda bu Garabag hereketiniň gaýtadan başlamagy manysyny aňladar, emma men Garag hereketiniň gaýtadan başlamagyna garşy”diýip belledi.

Paşinýan mundan başgada “Beýleki tarapdan Ermenistanda Azerbaýjanyň yzygiderli ýagdaýda “Günbatar Azerbaýjan” frazasyny ulanýandygyny görýäris” diýdi.

Azerbaýjan Paşinýanyň teklibine heniz hiç hili beýannama bermedi.