SYÝASAT
2 minut okamak
Demirgazyk Koreýa iki sany 'täze' howa goranyş raketasyny synagdan geçirdi
Demirgazyk Koreýanyn habarlar gullugy “KJNA” täze raketalar hakynda jikme-jik maglumat bermän, diňe “özboluşly tehnologiýa” frazasyny ulandy we syngaglaryň nireden geçirilendigini beýan etmedi.
Demirgazyk Koreýa iki sany 'täze' howa goranyş raketasyny synagdan geçirdi
Demirgazyk Koreýa iki sany 'täze' howa goranyş raketasyny synagdan geçirdi
24 Awgust 2025

Döwlet habarlar gullugy tarapyndan ýekşenbe güni berilen beýanatda aýdylmagyna görä Demirgazyk Koreýanyň Lideri Kin Çen İn, Phenýanyň Seuly serhetde dartgynlygy hasam artdyrýandygyny nygtap, iki sany “täze” howa goranyş raketasynyň synagdan geçirilmegina gatnaşdy.

Beýannamada şenbe güni geçirilen synag atyşynda iki raketa ýarag ulgamynyň “ýokary söweş ukybyna” eýediginiň tassyklanandygy nygtaldy.

Habarda täze raketalar hakyynda giňişleýin maglumat berilmän dine “işleýiş we reaksiýa ukybynyn taýsyz hem-de özbolyşly tehnologiýa” eýedigi beýan edildi. Synagyn nirede geçirilendigi hakynda-da haýsydyr bir maglumat berilmedi.

Habarlar gullugy; “Atyş, esasanda iki görnüşde ýaragyň tehnologik ozbolyşlyklarynyn dürli awia pozisiýalary ýok etmek üçin iňňän amatlydygyny sübut etdi” diýip, mälim etdi.

“Iňňän uly başlangyç”  

Koreýa Respublikasynyň goşuny şenbe güni beren beýannamasynda sişenbe güni iki ýurdy biri-birinden aýyrýan we agyr ýaraglaryň ornaşdyrylan araky zolagyna gysga möhletli geçen birnäçe esgere duýduryş odunyň açylandygyny habar berdi.

Phenýanyň döwlet habar beriş serişdeleri goşun generaly  Çon-çholyň bu wakany “meýilleşdirilen we bilkastlaýyn meçew berme” hökmünde habar berdi.

Çon-çhol; “Bu köp sanly goşun birikmesinin ornaşan günorta serhet zolagyndaky ýagdaýy gözegçilik edilmesiz ýagdaýa getirjek howply başlangyçdyr” diýdi.

Koreýa Respublikasynyň täze lideri Li Je Mýon ýadro ýaragyna eýe bolan Demirgazyk bilen has gyzgyn gatnaşyklary ýola goýmagy nazarda tutýandygyny we “harby ynam” döretmek üçin söz berendigini beýan edipdi. Emma Pýehýan Seul bilen gatnaşyklary ösdürmäge niýetniň ýokdugyny beýan etdi.

ÇEŞME:TRT Global
Öwren
Erdogan: YHG Siriýanyň ykdysady taýdan galknyşyna goldaw bermek üçin ýörite meýilnama başlatdy
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady