SYÝASAT
1 minut okamak
Kreml ÝB-niň Ukraina parahatçylyk güýjüni ugratmagyna we Putin-Zelenskiý duşuşygynyň tizleşdirilmegi
Moskwa Ukrainada daşary ýurt goşunlarynyň bolmagyna garşydygyny ýene-de bir gezek aýtdy we rus we ukrain liderleriniň arasynda geçiriljek islendik sammitiň düýpli taýýarlanylmalydygyny, gepleşikleriň senesiniň heniz kesgitlenmändigini aýtdy
Kreml ÝB-niň Ukraina parahatçylyk güýjüni ugratmagyna we Putin-Zelenskiý duşuşygynyň tizleşdirilmegi
28 Awgust 2025

Kreml çarşenbe güni Ukraina parahatçylyk güýjüni ugratmagy meýilleşdirýän Ýewropa ýurtlaryna garşydygyny mälim etdi we ýakyn wagtda Wladimir Putin bilen Wladimir Zelenskiýniň arasynda geçiriljek sammit baradaky pikiri ret etdi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Russiýa-Ukraina urşuny bes etmek baradaky şertnamanyň Ýewropa parahatçylygy güýçleriniň Ukraina ýerleşdirilmegi baradaky maddany öz içine alyp biljekdigi bilen bagly pikir baradaky soraga: "Biz beýle çekişmelere oňaýsyz garaýarys" diýdi.

Peskow, Russiýanyň NATO ýurtlarynyň Ukrainada harby güýç döretmeginiň öňüni almak isleginiň 2022-nji ýylyň fewral aýynda başlanan hüjümiň ilkinji sebäplerinden biridigini ýatlatdy.

Ukraina, Russiýanyň geljekki agressiýasyndan goranmak üçin Günbatar tarapyndan goldanýan howpsuzlyk kepilliklerini talap edýär, Moskwa bolsa Kiýewiň gündogarda has köp territorial eglişik etmegini isleýär.

Peskow, Ukraina üçin howpsuzlyk kepillikleriniň gepleşikleriň "iň möhüm mowzuklaryndan biridigini" aýtdy we Moskwanyň şol kepillikleriň mazmuny barada jikme-jiklikleri aç-açan ara alyp maslahatlaşmajakdygyny aýtdy.

Kreml mundan başgada, Putin bilen ukrain kärdeşi Zelenskiýniň arasynda geçiriljek sammit baradaky pikiri ret etdi.

Peskow aralarydna AFP habarlar gullugynyň işgäriniň hem bolan metbugat ýygnagynda "Islendik ýokary derejeli aragatnaşyk täsirli bolmagy üçin gowy taýýarlanmalydyr" diýdi.

Beýleki tarapdan bolsa Peskow Russiýa we Ukraina gepleşik toparlarynyň ýolbaşçylarynyň özara "aragatnaşyk saklaýandyklaryny", ýöne geljekdäki gepleşikler üçin gün kesgitlenmändigini aýtdy.

Öwren
Hegset: ABŞ we Hytaý dartgynlygy gowşatmak üçin harby aragatnaşyk ulgamyny döreder
Hakan Fidan BMG-na reforma çagyryşyny berdi
Tramp-Putin duşuşygy Moskwanyň Ukraina boýunça talaplary sebäpli bes edildimi?
Hytaýyň global dolandyryş başlangyjy Türkiyäniň täze dünýä tertibi baradaky garaýşy bilen utgaşýar
Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär
Tramp ABŞ-nyň ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmäge başlamagy üçin görkezme berdi
Stambul Pakistan-Owganystan gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Maduro ABŞ-na ýüzlendi: “Haýyş edýärin, uruş turmasyn!”
Müsür BMG-ni Gaza parahatçylyk missiýasyny gyssagly herekete geçmäge çagyrýar
Hytaýyň döwlet başlygynyň orunbasary Szinpin-Trump duşuşygyndan öň ABŞ-ny 'hyzmatdaşlyga" çagyrdy
Tramp Russiýanyň prezidenti Putin bilen "biderek geçjek duşuşyk" islemeýändigini aýtdy
Tufan Erhurman DKTR-nyň täze prezidenti boldy
Kipr türk halky täze prezidentini saýlamak üçin ses berýär
Türkiýe Gaza goldaw bermäge dowam eder
Erdogan Türkiýäniň Gazada yzygyderli parahatçylyga goldaw berýändigini aýtdy
Türkiýe, DKTR-nyň Parlamentiniň iki döwletli çözgüd kararyna kanagatlanma bildirdi
Türkiye, Müsür, Katar we ABŞ Gaza ýaraşyk şertnamasyna gol çekdiler
“Erdogan Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmeginde uly rol oýnap biler”
Ysraýyl ylalaşygyň çäginde palestinli tussaglylary boşatmaga başlady
Dünýä ýurtlary Gaza ylalaşygyna goldaw berýär