SYÝASAT
2 minut okamak
ABŞ-da Býujet Çykgynsyzlygy: Hökümet ışleriniň esasy bölegini togtatdy
2018–2019 ýyllarda serhet howpsuzlygy meselesindäki düşnüşmezlik sebäpli hökümet 35 günlap ýapyk bolupdy. Tramp şol ýyllarda-da iş başyndady.
ABŞ-da Býujet Çykgynsyzlygy: Hökümet ışleriniň esasy bölegini togtatdy
ABŞ-da Býujet Çykgynsyzlygy: Hökümet ışleriniň esasy bölegini togtatdy / Reuters
1 Oktýabr 2025

ABŞ-da federal hökümet, Kongres bilen Ak Tamyň býujet boýunça ylalaşmazlygy sebäpli öz işleriniň esasy bölegini togtatdy. Çarşenbe güni başlan bu ýagdaý 1981-den bäri 15-nji gezek bolup geçýär. Emma bu gezekki düşnüşmezligiň has uzak dowam edip, ykdysadyýete agyr täsir ýetirip biljekdigi beýan edillýär.

Senatyň hökümeti 21-nji noýabra çenli açyk saklamaga niýetlenen gysga möhletli çykdajy taslamasyny ret etmeginden birnäçe sagat hökümet işleri togtady. Demokratlar, Respublikaçylaryň ýylyň ahyrynda gutarýan saglyk üpjünçiliginiň möhletiniň uzaldylmagyna garşy çykandygyny beýan edýarler. Esasy düşnüşmezlik 1,7 trillion dollarlyk çykdajylar bilen bagly. Bu bolsa hökümetiň jemi 7 trillion dollarlyk býujetiniň dörtden bir bölegine deň. Galan serişdeleriň esasy bölegi bolsa saglygy saklaýyş, pension gaznasy  we 37,5 trillion dollara barabar milli karzyň göterim töleglerine sarp edilýär.

Federal edaralar işlerin durmagynyň netijeleri boýunça duýduryş berýärler: sentýabr aýyna degişli iş üpjünçiliginşň hasabaty yza süýşüriler, howa gatnawlary gijä bökdeler, ylmy barlaglar togtadylar, amerikaly harbylaryň aýlyklary kesiler. Amallaryň togtamagynyň günlük gymmatynyň 400 million dollara ýetjekdigi, takmynan 750 müň federal işgäriň işden çykarylma ähtimallygynyň bardygy beýan edilýär.

Prezident Donald Trump, höklümetiň ýapylmagyny Demokratlara garşy syýasy basyş guraly hökmünde görýär. Ol Ak Tamda eden çykyşynda: “Köp adam işden çykarylar, olaryň köpüsi Demokrat bolar. Bu ýapylmadan gowy netijeler çykyp biler” diýdi. Şeýle-de ol bu ýagdaýy “islenmeýän Demokrat maksatnamalaryndan dynmak üçin mümkinçilik” hökmünde häsiýetlendirdi. Ak Tamdan gelen beýleki duýduryşlarda beýan edilmegine görä hökümetiň işleriniň ýapylmagy uzak dowam etse, käbir iş orunlarynyň hemişelik ýapylmagy mümkin.

Demokratlar bolsa saglyk üpjünçiligini gorap saklamagyň möhümdigine ünsleri çekýärler. Partiýanyň ýolbaşçylary giňeldilen saglyk üpjünçiliginiň kanunlaşmagy netijesinde Trumpyň ony yzyna gaýtaryp bilmejekdigini aýdýarlar. 2026-njy ýyldaky araky saýlawlaryň öňüsyrasynda Demokratlaryň bu meseläni syýasy üstünlige öwürjekdigi aýdylýar.

Kongresde Respublikanlar esasy köpçülige eýeleýärler. Emma Senatda çykdajy taslamasynyň geçmegi üçin 100 senatoryň azyndan 60 sanysynyň goldawy gerek. Bu hem azyndan 7 Demokratyň sesine zerurlygyň bardygyny görkezýär. Taraplaryň güýçli syýasy bölünşigi bolsa ylalaşyk gazanmagy hasam kynlaşdyrýar. Çikago uniwersitetinden professor Robert Pape: “Syýasatyň düzgünleri düýpgöter üýtgeýär. Iki tarap hem millionlarça agressiw tarapdary sebäpli egilşik etmekde kynçylyk çekýär” diýip, mesele boýunça garaýyş beýan etdi.

Ýurduň ykdysady bazarlarynda hem düşnüşmezligiň yaramaz täsirleri duýulýar. Maýa goýujylar möhüm maglumatlaryň gijikdirilmegine alada bildirýärler. Wall Street aşaklady, altynyň bahasy rekord derejä göterildi, dollaryň hümmeti aşaklady. Aziýanyň bazarlarynda-da güýçli bökdençlikler ýüze çykdy.

ABŞ-nyň taryhynda iň uzak dowam eden hökümet çykgynsyzlygy Trumpyň ilkinji prezidentlik döwründe bolupdy. 2018–2019 ýyllarynda serhet howpsuzlygy meselesindäki düşnüşmezlik sebäpli hökümet 35 günlap ýapyk bolupdy.. Analitikler häzirki şertleriň ozalkylardan has kyndygyny aýdýarlar we hökümet çykgynsyzlygynyň has-da uzaga çekip biljekdigini beýan edýärler.

ÇEŞME:TRT World