DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Hüjümleriň ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşykda görkezilen Ysraýylyň harby okkupasiýanyň we ýerleşdiriş zolaklarynyň çäklerinden daşary ýerlerde amala aşyrylandygy aýan edildi.
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly öldi, ençeme palestinaly ýaralandy
Gaza zolagy

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan bäri güýje giren ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyga garamazdan, şenbe güni Ysraýylyň Gazanyň dürli ýerlerinde guran hüjümlerinde iki palestinaly öldi we bäşisi ýaralandy.

Lukmançylyk habar çeşmeleri “Anadoly” habarlar agentligine Ysraýylyň uçarmansyz howa ulaglarynyň Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jabaliýa şäherine bomba taşlamagy netijesinde bir palestinalynyň ölendigini aýtdy.

Şol habar çeşmeleri Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky Han Ýunusyň günortasyndaky Kizan an-Najjar sebitine guran hüjüminde 46 ýaşly palestinalynyň öldürilendigini habar berdiler.

Şeýle hem, lukmançylyk habar çeşmeleri Gaza şäheriniň gündogaryndaky Şujaiýýe etrabynda Ysraýylyň uçarmansyz howa ulaglarynyň ot açmagy netijesinde 23 ýaşly palestinaly zenanyň boýnundan atylandygyny habar berdiler.

Ozal bolsa Şujaiýýeniň Omar al-Muhtar köçesiniň gündogarynda ysraýylly esgerleriň ot açmagy netijesinde üç palestinalynyň ýaralanandygy, ýaralananlaryň biriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy habar berlipdi.

Çeşmeler Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jabaliýa al-Balad sebitinde hem bir palestinalynyň ysraýylly esgerleriň ot açmaklary netijesinde döşünden we elinden ýaralanandygyny mälim etdiler.

Hüjümleriň ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşykda görkezilen Ysraýylyň harby okkupasiýanyň we ýerleşdiriş zolaklarynyň çäklerinden daşary ýerlerde amala aşyrylandygy aýan edildi.

ABŞ tarapyndan goldanylýan ot açmagy bes etmek baradaky ylalaşyk Gazada 10-njy oktýabrda güýje giripdi we Ysraýylyň 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başladan iki ýyllyk hüjümini togtadypdy. Şol hüjümde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 72 müňden gowrak adam öldi we 171 müňden gowrak adam ýaralandy.

Gazanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatyna görä, ot açmagy bes etmek baradaky karara garamazdan, Ysraýylyň harby güýçleri artilleriýa ot açyşlary we ýaragly hüjümler bilen ýüzlerçe kanuny bozmalaryny amala aşyrdylar; bu döwürde 612 palestinaly öldürildi we 1640 adam ýaralandy.

Öwren
ABŞ Abi-Dabide geçiriljek Russiýa-Ukraina gepleşiklerine töwellaçylyk eder
Russiýa Eýrana guralyp bilinjek täze hüjümlere alada bildirýär
Ysraýyl 10 gün soň Al Halilden çekildi
“Putin Zelenskiýniň telefonyna jogap berer”
Ormuz bogazynda nebit tankeri mina kakdy
Keşm adasynyň golaýynda duşmanyň harby uçary sebitden çetleşdirildi
“Goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk edilmegi netijesinde sebitimizde howpsuzlygy üpjün edip bileris”
Ukraina 1214 dron bilen Russiýa hüjüm gurady
Kanada bilen BAE Giň gerimli ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy
Russiýa Ukrainanyň Herson ugrunda wagtlaýyn ot açmagy bes etmek barada karara geldi
Arap koalisiýasy: "Husiler tarapyndan Saud Arabystanyna uçurylan üç raketa we dört UHU ýok edildi"
Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň jarnamasy
Terror guramasy PKK-niň Sinjardaky şahasy ýaraglaryny taşlap Yragyň harby goşuny bilen integrirlener
Russiýa: “Woronež sebitine guralan dron hüjüminde otludaky 2 adam ýogaldy”
Russiýa: Ukraina boýunça üçtaraplaýyn gepleşiklere 4-nji noýabrdan soň taýýar bolarys
Alžir Nigere esger ugradar
Braziliýada geçirlen saýlawda Lula da Silwa üstünlik gazandy
Russiýa: Ukrainadaky logistika merkezlerine we ýük gämisine hüjüm guradyk
Tramp uruşdan soň ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa bilen söwda etmäge taýýardygyny aýan etdi
Russiýa: Ukrainada deňiz menzilini we ýük gämisini nyşana aldyk