DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýylly esgerleriň sebitden çekilmegi bilen birlikde 200 müň palestinli Gaza yzyna dolandy
Palestinliler Gazada hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşykdan soň yzyna dolanýar
Ysraýylly esgerleriň sebitden çekilmegi bilen birlikde 200 müň palestinli Gaza yzyna dolandy
Ysraýylly esgerleriň sebitden çekilmegi bilen birlikde 200 müň palestinli Gaza yzyna dolandy
11 Oktýabr 2025

Gazadaky raýat goranyş gullugy 200 müňe golaý palestinliniň ylalaşygyň güýji girmeginden soň Gazanyň demirgazygyna yzyna dolanandygyny habar berdi.

Gazada iş alyp barýan Halas ediş toparynyň metbugat sekretary Mahmud Bassal “Şu gün 200 müňe golaý adam Gazanyň demirgazygyna yzyna dolandy” diýdi.

Onmüňlerçe palestinli hüjümleriň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşygyň güýje girmeginden soň Gazanyň demirgazygyna tarap gelýär.

Ynsanlar ýykylan öýleriniň galyndylaryny görmek we kynçylyklar bilen ýüzleşmek üçin sebite tarap ugrady.

Gazanyň 2,2 millionlyk ilaty 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Hamasyň Ysraýylyň harby desgalaryna we ilatly ýerlere hüjüm guramagyndan soň başlan Ysraýylyň genosid söweşi sebäpli öýlerini terk edipdi.

Hamasyň hüjüminden soň Ysraýylyň basyp alyşlygy 67 müňden gowrak adamyň ýogalmagyna, Gazanyň esasy böleginiň harabalyga öwrülmegine sebäp boldy.

Ysraýylyň harby goşuny ylalaşygyň anna güni ýerli wagt bilen 12.00-da güýje girendigini mälim etdi.

Bu habardan soň Ysraýylly esgerleriň sebitden çekilmegi bilen birlikde gazalylar öýlerine tarap ugrady.

Ylalaşyk habaryny şowhunly ýagdaýda garşylan palestinliler, söweşden öňki durmuşlaryndan hiç zadyň galmandygyna göz ýetirdi.

Söweşden soň Gaza şäherinde ýaşan we hüjümleriň başlamagy bilen birlikde Deir al Balaha giden 5 çaganyň ejesi Balgees, Roýter habarlar gullugyna beren beýannamasynda “Hawwa söweş gutary, eýsem indi nähili bolar? Yzymyza dolanmak üçin ýaşara öýümiz ýok. Hüjümler sebäpli öýlerimiz ýykyldy. Onmüňlerçe adam ýogaldy. Gaza harabalyga öwrüldi we ylalaşyk gazanyldy. Men şat bolmalymy? Ýok beýle däl” diýdi.

Gaza şäheriniň käbir ýaşaýjylary ylalaşyk güýje girmänkä yzyna dolanmaga başlapdy. Käbiri sebitiň demirgazk günbatarynda ýerleşýän Şyh Rydwan etrapçasyna çenli gelipdi.

Olaryň arasynda 3 çagaly 40 ýaşyndaky İsmail Zaýda hem bardy.

Zaýda anna güni ir ertir öýüne gelende öýüniň ýykylmandygy görüp geň galdy.

Zaýda Roýter habarlar gullygyna beren beýannamasynda “Hudaýa şükür öýümiz ýykylmandyr. Emma sebit harabalyga öwrülipdir, goňşularymyzyň öýleri ýykylyp-ýumrulypdyr” diýdi.

Ysraýyl sowutly ulaglaryny we buldozerlerini penşenbe güni sebitden yzyna çekmäge başlapdy.

 

 

Öwren
Yrakda parlament saýlawy geçirilýär
Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümde 1 adam ýogaldy
Ysraýyl ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, Gazadaky palestinalylaryň öýlerini ýumurdy we Han Ýunusa hüj
Ysraýylyň Ofer tussaghanasynda tussaglylar "betbagtçylykly" derejede rehimsizlige duçar bolýarlar
ABŞ-da hökümetiň ýapylmagy uçar saparlaryny bökdeýär
Al Şara Halkara pul gaznasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Wengriýanyň premýer-ministri Waşington bilen “maliýe galkany” ylalaşygyny baglaşandyklaryny aýtdy
Hamas Gazanyň Rafah şäherindäki çaknyşyklar üçin Ysraýyly aýyplaýar: "Biz boýun egmeris"
Lawrow Ukraina meselesi boýunça Rubio bilen ýüzbe-ýüz duşuşmaga taýýar
Şara Tramp bilen duşuşmak üçin ABŞ-a gitdi
ABŞ Günorta Afrikada geçiriljek G-20 sammitine gatnaşmaz
BMG: “Ysraýyl Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini bökdemäge dowam edýär”
Türkiýe Netanýahu bilen birlikde 36 adamyň tussag edilmegi barada karar kabul etdi
Şwesiýa bilen Ukraina goranmak senagaty boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk eder
Eýranyň prezidenti ýagyş ýagmasa, Tähranyň ilatynyň ewakuasiýa mejbur boljakdygyny aýtdy
Siriýanyň Prezidenti we Içeri işler ministri BMG-nyň sanksiýa sanawyndan çykaryldy
Demirgazyk Koreýa balistiki raketa synagyny geçirdi
Sudan RSF-den ar alar
Tramp Waşingtonda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň liderleri bilen duşuşyk geçirer
Russiýa: Putin-Tramp sammitiniň şertleri entek ýerine ýetirilmedi