Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär

Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Mers Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygy hasam giňeltmek isleýändigini aýtdy.

Germaniýanyň Federal Kansleri Mers Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýär / Reuters

Mers Ankarada geçirjek duşuşyklaryndan saparyndan ozal X sosial media platformasy arkaly habarnama berdi.

Iki ýurduň arasyndaky köp ugurly gatnaşyklara ünsi çeken Mers: “Türkiýe bilen bizi özbolyşly we köp ugurly gatnaşyklar birikdirýär. Daşary syýasat we howpsuzlyk uğurlarynda bolşy ýaly migrasiýa, energetika we söwda ugurlary hem..” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşjakdygyna ünsi çekip; “Ýakyn hyzmatdaşlygymyzy hasam giňeltmek isleýärin. Şol sebäpden Ankara geldim” diýdi.