Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy

Ukrainanyň resmileri Russiýanyň hüjümleriniň infrastruktura we ýaşaýyş jaýlaryna gönükdirilendigini, netijede köp sebitlerde adam pidalaryna we elektrik togunyň kesilmegine sebäp bolandygyny habar berdiler.

By
Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde bäş adam ýogaldy

Resmiler Russiýanyň Ukraina guran hüjümlerinde azyndan bäş adamyň ýogalandygyny, öýlere zeper ýetendigini we Moldowa bilen Ýewropanyň arasyndaky elektrik baglanşygy bilen birlikde energiýa ulgamlarynyň bozulmagyny sebäp bolandygyny mälim etdiler.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý güýçli raketa we uçarmansyz howa ulaglary bilen guralan hüjümler sebäpli 11 sebite zeper ýetendigini aýtdy we ýaranlaryna Kiýewi howa hüjüminden goranmak üçin ok-däriler bilen üpjün etmek barada çagyryş berdi.

Zelenskiý ballistik raketalara garşy howa goranyş ulgamlarynyň esasy üpjün edijisi bolan Waşingtonyň Eýrana garşy dowam etdirýän hüjümlerinde raketa ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolmagynyň mümkindigini birnäçe gezek duýdurypdy.

Zelenskiý: “Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň dört ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän döwründe Ukrainany goldamagy dowam etdirmek möhümdir. Howa goranyşyna degişli ähli ylalaşyklaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi möhümdir” diýip belledi.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri Russiýanyň ýurtdaky möhüm infrastruktura garşy ýakyn wagtda guran hüjümlerinde 34 raketa we 392 uçarmansyz howa ulagyny ulanandygyny, 25 raketanyň we 365 uçarmansyz howa ulagynyň ot açylyp ýere gaçyrylandygyny ýa-da täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Energetika ministrligi alty sebitde käbir sarp edijileriň elektrik toksuz galandygyny aýan etdi.

Zaporožiýe sebitiniň gubernatory Telegramdan beren beýanatynda, şähere guralan uçarmansyyz howa ulagy we raketa hüjüminde bir adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Gubernator 20 sany ýaşaýyş jaý bilen birlikde binalara zyýan ýetendigini habar berdi we ýangyn söndürijileriň köp gatly jaýdaky ýangyny söndürmäge synanyşýandygyny mälim etdi.

Gubernator Poltawa şäheriniň gündogarynda bolan hüjümde iki adamyň ölendigini we bäş ýaşly çaga bilen birlikde 12 adamyň ýaralanandygyny, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna we myhmanhana zyýan ýetendigini aýtdy.

Ýerli prokurorlaryň maglumatlaryna görä, Harkow welaýatynyň demirgazyk-gündogarynda elektrik otlusyna guralan hüjümde 61 ýaşly ýolagçy öldi; sebit häkimi günortadaky Herson şäherinde bolan bombaly hüjümde bir adamyň ölendigini aýtdy.