TÜRKIÝE
2 minut okamak
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Prezident Erdogan Prezident Tramp bilen F-35 şertnamasy boýunça gepleşikleriň oňyn geçendigini we öňe gidişligiň gazanylandygyny belläp, ABŞ-nyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini isledi.
Erdogan ABŞ-nyň F-35 boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmegini umyt edýär
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan
9 Noýabr 2025

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen F-35 harby uçar maksatnamasy barada ýakynda geçirilen gepleşikleriň umytlandyryjy bolandygyny beýan etdi.

Erdogan Azerbaýjanyň Ýeňiş baýramyndan gaýdyp gelýärkä uçarda žurnalistlere beren beýanatynda, Waşingtonyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigine umyt baglaýandygyny aýtdy.

Ol F-35-leriň alynmagynyň Türkiyäniň sebitde güýçli operasiýa we tehnologik artykmaçlygyny üpjün etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan: “Tehniki gepleşikler we öňe gidişlik möhümdir. Elbetde, F-16 we F-35 meselesi hem bar. ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen ýakynda geçiren gepleşiklerimizde F-35 bababatynda netijeli sepgide ýetdik. Berlen wadalaryň ýerine ýetirilmegini we F-35 bilen güýçli mümkinçiliklere eýe bolmagymyzy umyt edýärin” diýdi.

Eurofighter harby uçarlary

Has giňişleýin harby-howa güýçleriniň üstünde durup geçen Erdogan, Eurofighter ylalaşygynyň Beýik Britaniýa we Germaniýa bilen has netijelidigini tassyklady.  

Şeýle hem, ol Katar we Oman bilen gepleşikleriň dowam edýändigini, munuň bolsa Pars aýlagy ýurtlaryndan goşmaça “Eurofighter” uçarlaryny satyn almak üçin mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Prezident Erdogan: "Olaryň uçar flotlaryndan Eurofighter uçarlaryny satyn almak mümkinçiligi bar. Eger bu ylalaşyklar amala aşyrylsa, bu biziň ýurdumyz üçin oňyn ädim bolar" diýdi.

Erdogan şeýle hem ýerli goranmak senagatynyň tagallalaryna ünsi çekip, ýerli başlangyçlaryň Türkiyäniň strategik täsirini we tehnologik garaşsyzlygyny has-da güýçlendirjekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan: “Bu ädimler, milli goranyş taslamalarymyz Türkiyä tehnologiýa we howa operasiýalary babatynda has güýçli mümkinçilikleri berer” diýip habar berdi.