Tramp Grenlandiýany gözegçilik astyna almak üçin harby güýç ulanmagy 'inkär etmeýär'

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Daniýanyň hem-de Arktika adasynyň ilatynyň garşylygyna garamazdan, ABŞ-nyň Grenlandiýa bolan gyzyklanmasyny ýaňadandan nygtap geçdi we harby güýç ulanmak mümkinçiligine yşarat etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Daniýa döwletine degişli bolan Grenlandiýanyň gözegçiligini ele geçirmek üçin harby güýç ulanyp biljekdigini aýtdy.

NBC telewideniýe kanalynda görkezilen “Meet the Press” gepleşigindäki reportažynda Donald Tramp: “Men bu saýlamy aýyrmaýaryn. Etjekdigimi aýtmaýaryn, ýöne hiç hili mümkinçiligi aradan aýyrmaýaryn” diýdi.

Tramp: “Grenlandiýa örän zerurlygymyz bar” diýip, Daniýa degişli özbaşdak sebitiň “halkara howpsuzlyk” üçin zerurdygyny öňe sürdi. Tramp: “Grenlandiýada örän az adam ýaşaýar, biz olaryň aladasyny ederis we ähmiýet bereris” diýip belledi.  

ABŞ-nyň prezidenti Tramp ýanwar aýynda wezipä girişeninden bäri, Daniýanyň ret etmegine garamazdan Grenlandiýany satyn almak isleýändigini ýygy-ýygydan aýdyp geçýär.

Strategik Ähmiýeti

Grenlandiýa XVIII asyrdan bäri Daniýa Patyşalygynyň bir bölegi bolup, 1979-njy ýylda özbaşdaklyk aldy.

Arktika we Atlantik okeanynyň arasynda ýerleşýän bu ada, strategiki ýerleşişi we ýerasty baýlyklary taýdan möhüm ähmiýete eýe.

Beýleki tarapdan, Daniýa we Grenlandiýa adany satmak baradaky teklipleri düýbünden ret edýärler. Ýanwar aýynda geçirilen sowalnamada Grenlandiýalylaryň 85 göteriminiň ABŞ-na goşulmagyna garşydygy mälim boldy.

Mart aýynda bolsa Grenlandiýanyň saýlanan premýer-ministri Ýens-Frederik Nilsen Ýewropa ýurtlaryny çagyryş berip, adanyň satylyk däldigini aýtdy.

Nilsen Anadoly habarlar gullugyna "Biziň bilen duruň we Grenlandiýanyň satylmajakdygyny we asla satylmajakdygyny aýdyň. Grenlandiýa Grenlandiýalylar tarapyndan dolandyrylýar we hiç haçan üýtgemez" diýdi.