SYÝASAT
3 minut okamak
Amerikaly Senator Palestiniň özygtyýarlylygyny ykrar etmek üçin “taryhy” karar taslamasyny hödürledi
Jeff Merkleýiň Senatda uly garşylyga sezewar bolan karar taslamasy Senatorlar Kris Won Hollen, Tim Kaýn, Berni Sanders, Peter Welç, Tina Smit, Tammý Baldwin we Mazi Hirono tarapyndan goldanýar.
Amerikaly Senator Palestiniň özygtyýarlylygyny ykrar etmek üçin “taryhy” karar taslamasyny hödürledi
Amerikaly Senator Palestiniň özygtyýarlylygyny ykrar etmek üçün “taryhy” karar taslamasyny hödürledi / AP
19 Sentýabr 2025

Amerikaly Senator Jeff Merkleý Waşingtony mejlisde Palestin döwletini resmi taýdan ykrar etmäge çagyrýan we Senata ilkinji gezek gabat gelinýän karar taslamasyny hödürledi.

Merkleý penşenbe güni beren beýanatynda “Palestin döwletiniň ykrar edilmegi diňe bir ABŞ-nyň palestinlileriň we ysraýyllylaryň azat, mertebeli hem-de howpsuz ýaşajak geljekleriinň gurulmagyna ýardam bermek üçin ediljek ýönekeý başlangyç däl, şol bir wagtda-da edilmegi hökmany bolan agyr başlangyçdyr” diýdi.

Merkleý “Amerika liderlik etme borjy bar we şu wagt tüýs işe girişilmeli wagt” diýip, sözleriniň üstüni ýetirdi.

Karar ABŞ-nyň halkara hukuga we iki döwletli çözgüt ýörelgesine laýyklykda howpsuz Ysraýylyň ýany bilen ýaragsyzlandyrylan Palestini ykrar etmäge çagyrýar.

Merkleý teklibiň “hüjümleriň dessine bes edilmegi, ähli ýesirleriň boşadylmagy we ynsanperwer kömekleriň geçirilmegi” bilen başlaýan we “gelejekdäki parahatçylyk hem-de abadançylyk üçin ediljek başlangyjy hem-de onuň üçin iş ýüzüne geçirilmesi mümkin iki halk üçin iki döwlet” tapgyry bilen dowam edýän “özbolyşly çykalga” hödürleýändigini aýtdy. “Geljek nesiliň şol ynamsyzlykdan we ejirden zyýan çekmegini islemeýän bolsak, Palestin döwleti mundan artyk yzy süýşürilmeli däl” diýdi.

Palestini ykrar etmeklik ýaýbaňlanýar

Karar taslamasy şu ýylyň başynda İspaniýa, İrpandiýa we Norwegiýa bilen bilelidke Ýewropa ýurtlarynyň eden başlangyçlary hem-de BMG-daky diskussiýalaryň gaýtadan başlamagy netijesinde Palestiniň ykrar edilmegi boýunça halkara tagallalaryň güýjeýän günlerinde hödürlendi. BMG-niň 140-dan gowrak agzasy häzirki wagtda Palestiniň özygtyýarlylygyny ykrar edýär.

Ysraýylyň esasy ýarany bolan ABŞ taryhy taýdan şeýle kararlara garşy durýan hem bolsa, ysraýyllylar bilen palestinlileriň arasynda gönüden gepleşikleriň geçirilmegii isleýär. Resmi Tel-Awiw geçmişden şu günki güne çenli ähli gepleşikleri bökdedi.

Merkleýiň karary gabaw astyndaky Gazada ynsanperwer çökgünlik we syýasy işleriň ilerledilmegindäki kemçilikler meselesinde Kongresdäki lapykeçligiň artýandygyny nygtaýar. Ykrar etmegiň tarapdarlary, bu ädimiň ABŞ-nyň palestinalylaryň hukuklaryny we syýasy geljegini goldaýandygyny aýdyň görkezjekdigini öňe sürýärler, şol bir wagtda Ysraýyl Gazadaky genosidini we basylyp alnan Günbatar Şeriadaky bikanunornaşmalary giňeltmegi dowam etdirýär.

Karar Senatda uly kynçylyklary başdan geçirýär, sebäbi iki partiýadan hem esasy köplük uzak wagt bäri Palestiniň birtaraplaýyn ykrar edilmegine garşy çykýar. Şeýle-de bolsa, onuň hödürlenmegi simwoliki özgerişi görkezýär we ilkinji gezek resmi ykrar meselesini kanun çykaryjy organda gün tertibine getirýär.

Ysraýylyň Amerikan ýaraglary bilen edýän genosidi

Ysraýyl goşuny 2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri Gazada genosid alyp barýar, 65,000-den gowrak palestinalyny, olaryň köpüsi aýallar we çagalar, öldürip, halkara ok atyşygy bes etmek talaplaryny ret edýär. Pida bolanlaryň arasynda ýok edilen öýleriň harabalyklarynyň aşagynda galan 11,000 töweregi palestinaly hem bar.

Bilermenler, Gazadaky häkimiýetleriň habar beren sanlarynyň has ýokary bolmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar we bu san 200,000 töweregi bolup biler diýip çaklaýarlar.

Halkara Jenaýat Kazyýeti Ysraýylyň Premýer-ministri Benýamin Netanýahuny we öňki Goranmak ministri Yoaw Gallanty Gazadaky uruş jenaýatlary we ynsanýete garşy jenaýatlar üçin tussag etmek kararyny çykardy.

Ysraýyla şeýle hem, bu sebite garşy alyp barýan urşy üçin Halkara Adalat Kazyýetinde genosid işi gozgaldy.

BMG Ysraýylyň Gazada genosid edýnädigi kararyna geldi

Waşington, uzak wagtlap ýarany bolan Ysraýyla her ýyl 3.8 milliard dollar harby maliýe kömegini berýär.

2023-nji ýylyň oktýabryndan bäri ABŞ Gazadaky genosid we goňşy ýurtlardaky uruş üçin Ysraýyla 22 milliard dollardan gowrak serişde sarp etdi.

ABŞ-nyň käbir ýokary derejeli resmileri Gazadaky raýat pidalarynyň köplügi bilen bagly Ysraýyly tankyt etseler-de, Waşington şu wagta çenli ýarag geçirimlerine şert goýmak çagyryşlaryna garşy durdy.

1946-njy ýyldan bäri ABŞ Ysraýyla inflýasiýa göz öňünde tutulyp, 310 milliard dollardan gowrak harby we ykdysady kömek berdi diýip, Amerikanyň analitik merkezlerinden biri bolan Daşary Gatnaşyklar Geňeşi habar berýär.