SYÝASAT
2 minut okamak
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Saud Arabystanynyň howa goranyş ulgamlary, ýurduň iň uly nebit merkezini nyşana alan iki drony hatardan çykardy. Hüjüm sebäpli nebiti gaýtadan işleýän Ras Tanura desgasy wagtlaýyn ýapyldy.
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy
Eýran Saud Arabystanynyň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasyny nyşana aldy / Reuters
2 Mart 2026

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Eýranyň uçarmansyz howa ulaglary Saud Arabystanynyň Ras Tanura nebiti gaýtadan işleýän desgasyny nyşana aldy. Hüjüm desgada ýangyna sebäp boldy.

Saud Arabystany bolsa uçarmansyz howa ulaglarynyň yzyna serpikdirlendigini mälim etdi.

Resmi habarlar gullugy SPA, Goranmak ministrligine esaslanýan habarynda “Şu gün irden Ras Tanura nebiti gaýtadan işleýän desga uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm guralmaga synanşyldy. Howa goranyş ulgamlarymyz hüjümiň öňüni aldy we uçarmansyz howa ulaglaryny hatardan çykardy. Şrapnel bölejikleri sebäpli desgada ýangyn boldy, emma adam pidasy çekilmedi” diýdi.

“Roýter” habarlar gullugy, Saud Arabystanynyň iň uly nebit kärhanasy Aramkonyň, uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümden soň Ras Tanura desgasyny ýapandygyny mälim etdi.

Habarda desganyň wagtlaýyn howpsuzlyk maksatly ýapylandygy nygtaldy.

Saud Arabystanynyň gündogar kenarynda ýerleşýän Ras Tanura, ýurduň nebiti gaýtadan işleýän iň uly desgasy we eksport merkezlerinden biri.

Günde 550 müň barrel mümkinçiligine eýe bolan desga Ýakyn Gündogaryň iň uly nebiti gaýtadan işleýän desgalaryndan biri.

Saud Arabystanynyň nebit desgalarynyň goralmagy üçin berk howpsuzlyk çärelerini görendigine garamazdan desgalar ozal nyşana alnypdy.

2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Abkaýk we Hureýs desgalaryna guralan raketa we dron hüjümleri Saud Arabystanynyň çig nebit önümçiligini bökdäpdi we halkara nebit bazaryna ýaramaz täsirini ýetiripdi.

ABŞ bilen Ysraýyl şenbe güni Eýrana garşy hüjüm başladypdy we hüjümlerde dini lider Ali Hamaneý bilen birlikde eýranly birnäçe lider öldürildi.

Tähran Ysraýyla we ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky harby merkezlerine hüjüm gurady.

Eýran häzire çenli Bahreýni, Yragy, Iordaniýany, Kuweýdi, Omany, Katary, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirliklerini nyşana aldy.

 

 

Öwren
Tramp Eýran söweşinde heniz gury ýer goşunyny ornaşdyrmak islemeýändigini nygtady
Saud Arabystany Şa Sultan howa bazasyny nyşana alan 3 ballistiki raketanyň öňüni aldy
ABŞ-nyň Söwda ministri Kongresiň Epşteýn derňewinde şaýatlyk etmäge razylyk berdi
“Eýran nähak we hukuksyz hüjüme sezewar bolýar”
Prezident Erdogan Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyny ýazgardy
Katar: “Eýran hüjümleriniň jerimesini çekmeli” diýdi
Prezident Erdogan Saud Arabystanynyň lideri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Erdogan ÝB Komissiýasynyň başlygy bilen Eýrana guralýan hüjümler hakynda pikir alyşdy
Fotohabar: ABŞ bilen Ysraýyl Eýrana garşy harby hüjüm başlatdy
Eýran hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi
Tramp ABŞ-nyň Eýrana garşy giň gerimli söweş başladandygyny habar berdi
Dünýäniň ünsi ABŞ bilen Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümlerine gönükdi
Kanada Eýrandaky raýatlaryna ýurdy terk etmeklerini maslahat berdi
Pekin Owganystan bilen Pakistana hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş etdi
Russiýa: Parahatçylyk Geňeşi BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň rolyna zeper ýetirip biler
Azerbaýjanyň diňmeýän gam-gussasy: Hojaly Gyrgynçylygy
BMG-nyň Baş Assambleýasy Ukrainada hüjümleri bes edilmegi çagyryşyny berýän taslamany tassyklady
Pakistan Türkiýe bilen howpsuzlyk boýunça edýän hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak isleýär
ABŞ-nyň uçar gämisi Ortaýer deňzine girdi: Tramp Eýrana hüjüm guramagy göz öňünde tutýar
Putin tejribeli diplomadyny Türkiýä ilçi hökmünde belledi