Owgan hökümetiniň metbugat sekretary Hamdullah Fitrat ýekşenbe güni beren beýannamasynda, Pakistan bilen bolan çaknyşyklarda asuda ilatdan 55 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Hamdullah Fitrat, X sosial media platformasy arkaly beren habarnamasynda, Pakistan bilen dowam edýän çaknyşyklarda penşenbe gününden bäri zenanlar we çagalar bilen birlikde 55 adamyň ýogalandygyny, ýaralananlaryň sanynyň 69 adama ýetendigini, köp sanly öýüň ýykylandygyny mälim etdi.
Fitrat adam pidalarynyň Paktika, Khost, Kunar, Nangarhar we Kandahar welaýatynda çekilendigini belledi.
Beýleki tarapdan Pakistan asuda ilatyň nyşana alynmandygyny habar berdi.
Pakistanyň Maglumatlar ministri Attaullah Tarar, ýekşenbe güni beren beýannamasynda, penşenbe gününden bäri dowam edýän howa hüjümlerinde we çaknyşykda Talibanyň 415 agzasynyň öldürlendigini, 580-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýtdy.
Kabul bolsa serhetde bolan çaknyşykda pakistanly 56 esgeriň öldürlendigini öňe sürýär.
Goňşy iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk, Kabulyň fewral aýynyň ahyrynda Pakistanyň howa hüjümlerine garşy ar almak operasiýalaryny başlatmagyndan soň has-da möwjedi.
Serhediň iki tarapyndaky görkezijilere görä häzire çenli 81 adam ýogaldy.
Olaryň arasynda pakistanly 12 esger bilen asuda ilatdan 1 adam bar.
Kabul bolsa çaknyşykda 13 esgeriniň we asuda ilatdan 55 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Pakistanly 1 esger bolsa dereksiz ýitdi.
Beýleki tarapdan Pakistanyň döwlet tele ýaýlymynyň howpsuzlyk çeşmelerine esaslanýan habaryna görä, Pakistan şenbe güni terrorçylaryň Killa Saifullah zolagyna girmeginiň öňüni aldy.
Habarda Pakistanyň ýaragly güýçleriniň terrorçylaryň zolaga girmeginiň öňüni alandygy we köp sanly terrorçyny öldürendigi nygtaldy.
Pakistan fewral aýynda terror merkezlerine guran hüjüminde 70 adamy öldüripdi.
Owganystanly resmiler bilen BMG hüjümlerde asuda ilatyň ýogalandygyny nygtaýar, Pakistan bolsa bu maglumaty kabul etmeýär.









