DÜNÝÄ
1 minut okamak
ABŞ we Ysraýyl howa hüjümlerinde Tährandaky Gandi hassahanasyny nyşana aldy
Döwlet telewideniýesinde görkezilen wideoda şepagat uýalarynyň täze doglan bäbekleri hassahanadan çykaryp, başga ýere geçirmäge synanyşýandyklaryny görüp bolýar.
ABŞ we Ysraýyl howa hüjümlerinde Tährandaky Gandi hassahanasyny nyşana aldy
Eýran
Duş 17 Ýek

Eýranyň metbugatynyň habaryna görä, ýekşenbe güni ABŞ we Ysraýyl howa hüjümleri bilen Tähranyň demirgazygynda ýerleşýän Gandi hassahanasyny nyşana aldy.

Döwlet telewideniýesinde görkezilen materiallarda döwülen aýnalar we hassahananyň käbir ýerlerine zyýan ýetendigi görkezildi.

Hüjümden soň hassahananyň töwereginde howpsuzlyk çäreleri artdyryldy we lukmançylyk toparlary binanyň içinde barlag geçirdiler.

Döwlet telewideniýesinde görkezilen wideoda şepagat uýalarynyň täze doglan bäbekleri hassahanadan çykaryp, başga ýere geçirmäge synanyşýandyklaryny görüp bolýar.

Ozal bolsa Eýranyň Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti hüjümlerde öz merkezi binasynyň we birnäçe hassahananyň nyşana alnandygyny görkezýän materiallary paýlaşypdy.

ABŞ we Ysraýyl şenbe güni Eýrana hüjüm edip, Eýranyň dini lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen birlikde birnäçe ýokary derejeli ýolbaşçylary öldürdiler. Eýran Ysraýyla, ABŞ-na degişli ýerlere we birnäçe Pars aýlagy döwletlerine gönükdirilen birnäçe dron we raketa hüjümleri bilen jogap berdi.

Ysraýyl we ABŞ geçen ýylyň iýun aýynda Eýrana şuňa meňzeş hüjümleri başladypdylar we ýaraşyk yglan edilmezinden öň 12 gün dowam eden uruş başdan geçirlipdi.