Eýran ABŞ bilen Ysraýylyň ýurduna guraýan hüjümlerinde dini lider Aýetullah Ali Hamaneýiň öldürilmeginden soň Ysraýyla garşy al almak maksady bilen ballistiki raketa hüjümlerini guraýar.
Ysraýylly çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, Eýranyň hüjümleri sebäpli azyndan 12 adam ýogaldy, 150-den gowrak adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň Iron Dome, Dawidis Sling we Arrow ýaly döwrebap howa goranyş ulgamlary raketalaryň esasy böleginiň öňüni aldy, emma birnäçesi adam pidasynyň çekilmegine sebäp boldy.
Eýran ýekşenbe güni Iýerusalimiň günbatarynda ýerleşýän Beit Şemeş şäherini nyşana aldy.
Ballistiki raketa hüjüminde gaçybatalga bilen birlikde birnäçe bina ýykyldy.
Ysraýylyň milli lukmançylyk gullugy Magen Dawid Adom MDA, hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 9 adama ýetendigini, onlarça adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi. Hüjümde ýaralananlardan 2 adamyň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.
“Ze Taýmes of Ysrael” hüjümde ýogalanlaryň sanynyň 9 adama ýetendigini, birnäçe binanyň ýykylandygyny habar berdi.
“Ze Jerusalem Post” bolsa hüjümde 9 ysraýyllynyň ýogalandygyny, ýykylan binalaryň arasynda ýaralananlaryň bardygyny ýatlatdy.
Şenbe gijesi Tel-Awiwe guralan raketa hüjüminde bolsa MDA we beýleki habarnamalara görä biri 32 ýaşynda, beýlekisi 68 ýaşynda iki zenan ýogaldy, 120-den gowrak adam hem ýaralandy.
“Haaretz” we “Ze Taýmes of Ysrael” Iýerusalimde we töwereklerinde azyndan 7 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Ysraýylyň Içerki front serkerdeligi halka ünsli bolmaklary üçin çagyryş etdi.










