Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, Prezident R. T. Erdoganyň ýekşenbe güni ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen Eýrana guralýan soňky hüjümer hakynda pikir alyşandygyny habar berdi.
Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde taraplara gepleşikleriň dowam etdirilmegi çagyryşyny berdi we parahatçylyk etabyna ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny aýtdy.
Prezident Erdogan Türkiýe bilen ÝB-niň başdan geçirilýän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin aragatnaşyk saklamagynyň möhümdigine ünei çekdi.
ABŞ bilen Ysraýyl şenbe güni Eýrana garşy hüjüm başladypdy. Hüjümlerde Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý bilen birlikde ýokary derejeli birnäçe resmi öldürildi.
Tähran bolsa Ysraýyla we ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky birnäçe harby merkezine uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady.
Ysraýyl bilen ABŞ iýun aýynda hem Eýrana garşy hüjüm gurapdy. 12 gün dowam söweş taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmagy bilen bes edilipdi.











