DÜNÝÄ
2 minut okamak
Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý ABŞ-Ysraýyl hüjüminde öldürildi
Tähran Hamaneýiň ölendigini tassyklady we ar aljakdygy barada söz berdi.
Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý ABŞ-Ysraýyl hüjüminde öldürildi
Eýranyň dini Lideri Ali Hamaneý
1 Mart 2026

Eýranyň döwlet metbugaty ýurduň dini lideri Aýatullah Ali Hamaneýiň Ysraýylyň we ABŞ-nyň hüjümlerinde öldürilendigini aýan etdi. Bu habardan soň, Ynkylap güýçleri ar aljakdyklary barada söz berdi.

Döwlet telewideniýesi 1989-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda bolan 86 ýaşly Hamaneýiň aradan çykmagyndan soň 40 günlük ýas we ýedi günlük dynç alyş yglan etdi.

Ýaýlym wagtynda alyp baryjylaryň biri: “Dini lideriň şehit bolmagy bilen onuň ýoly we missiýasy ýitirilmez we ýatdan çykarylmaz; tersine, olar has uly tutanýerlilik we höwes bilen dowam etdiriler” diýdi.

Eýranyň Ynkylap güýçleri beren beýanatynda, "ganhorlarynyň" jezalandyryljakdygyny aýan etdiler. Beýanatda: "Eýran milletiniň ar almagy berk we aýgytly bolar" diýip nygtaldy.

Eýranyň metbugaty dini lideriň gyzynyň, giýewisiniň we agtygynyň hem hüjümde ölendigini habar berdi. “Pars” habarlar agentligi we beýleki habar serişdeleri maşgala agzalarynyň ölüminiň habar çeşmeleri tarapyndan tassyklanandygyny habar berdiler.

Tramp: "Bu diňe Eýranyň halky üçin däl, eýsem Hamaneý we onuň toparynyň öldüren ýa-da maýyp eden amerikanlylar we dünýäniň köp ýurtlaryndaky adamlar üçin hem adalatdyr" diýdi.

Netanýahu çap eden wideoýazgysynda: "Şu gün irden amala aşyran güýçli we garaşylmadyk hüjümimiz bilen zalym Hameneýiň öýüni ýok etdik" diýdi.

Hüjüm onuň ýakyn adamlary bilen duşuşyk geçiren mahaly boldy

ABŞ-nyň iki çeşmesiniň we bu meseleden habarly ABŞ-nyň resmisiniň aýtmagyna görä, Ysraýyl we ABŞ şenbe güni bolan hüjümi Hamaneý bilen onuň ýokary derejeli kömekçileriniň arasynda duşuşyk geçiren mahalyna gabat getirmek üçin meýilleşdiripdirler.

Ysraýyl Hamaneýden başga-da, Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Şemhaniniň we Ynkylap güýçleriniň serkerdesi Muhammed Pakpuryň hem öldürilendigini öňe sürdi.

Eýranyň iki çeşmesi “Reuters” agentligine Hamaneýiň hüjümden gysga wagt öň howpsuz ýerde Şamhani we Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Ali Larijani bilen duşuşandygyny aýtdy.

Ysraýylly ýokary derejeli resmi Hamaneýiň jesediniň tapylandygyny öňe sürdi.

Öwren
Ispaniýa ABŞ-na boýun egmejekdigini beýan etdi
ABŞ Kuweýtde dron hüjüminde ölen esgerlerden ýene-de iki sanysynyň şahsyýetini anyklady
Moskwa Ukrainany Ortaýer deňzinde LNG tankerine UHU hüjümini guramak bilen aýyplaýar
Tramp ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerine Ormuz bogazyndan geçýän nebit tankerlerini goramagy buýurdy
Eýran Ysraýyla we ABŞ-nyň sebitdäki harby merkezlerine hüjüm gurady
Medwedew: ABŞ dälilik bilen režimi üýtgetmek synanyşyklaryny dowam etdirse, III Jahan urşy başlar
Eýrana guralýan hüjümlerde amerikaly 6 esger ýogaldy
Eýran Ormuz bogazyny ýapdy, geçmäge synanyşýan gämilere hüjüm ediljekdigi barada duýduryş berdi
Hizbullahyň urşa goşulmagy bilen Ysraýyl Liwanda 31 adamy öldürdi
Owganystan çaknyşyklarda 55 adamyň ýogalandygyny, Pakistan 415 terrorçynyň öldürlendigini aýdýar
Eýranyň Ysraýyla guran hüjümlerinde 12 adam ýogaldy
Ali Larijani: “Eýran ABŞ bilen gepleşikler geçirmez” diýdi
Starmer: ABŞ Eýranyň raketa hüjümlerine garşy Beýik Britaniýanyň bazalaryny ulanyp biler
ABŞ we Ysraýyl howa hüjümlerinde Tährandaky Gandi hassahanasyny nyşana aldy
Hameneýiniň öldürilmeginden soň, Eýranda wagtlaýyn Liderlik geňeşi döredildi we Arafi bellendi
Eýranlylar Ysraýyl-ABŞ hüjümlerinde Ali Hamaneýiň öldürilmeginden soň köçelere çykdylar
Wens Ýakyn Gündogarda uzak möhletli urşuň turma ähtimallygyny ret edýär
Eýran Pakistan-Owganystan dartgynlygynyň ortadan aýrylmagynda töwellaçy bolmak  isleýär
Pakistan Owganystanyň paýtagty Kabula we beýleki sebitlerine zarba urdy
Ysraýyl Siriýanyň özygtyýarlygyny bozmaga dowam edýär