Türkiýe DKTR-nyň bähbitlerini goramaga dowam eder
SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýe DKTR-nyň bähbitlerini goramaga dowam eder“Ene watan we hemaýatkär ýurt Türkiýe, düýn bolşy ýaly şu günki günde we geljekde DKTR-nyň bäbitlerini goramaga dowam eder”
Türkiýe DKTR-nyň bähbitlerini goramaga dowam eder

Daşary işler ministrligi, Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 52 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini mälim etdi we Türkiýäniň geljekde hem Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň bähbitlerini goramaga, Kipr türkleriniň özygtyýarlygynyň we deň hukuklygynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini aýan etdi.

Daşary işler ministrliginiň NSosial arkaly Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 52 ýyllygy barada beren habarnamasynda “Kipr türk halkynyň azatlyk göreşiniň simwoly Kipr Parahatçylyk operasiýasynyň 52 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Mundan doly 52 ýyl ozal Türkiýe, 1960-njy ýyldaky hemaýatkärlik şertnamasyna laýyklykda herekete geçip Kipr türk halkynyň howpsuzlygyny we Adada-daky barlygyny kepil astyna aldy” diýildi.

Habarnamada, Kipr türk halkynyň şu günki günde DKTR-nyň erkin ýagdaýda pasyrdaýan baýdagynyn asynda howpsuz ýagdaýda ýaşaýandygy nygtaldy.

Habarnamada şeýle hem “Ene watan we hemaýatkär ýurt Türkiýe düýn bolşy ýaly şu günki günde we geljekde DKTR-nyň bäbitlerini goramaga, Kipr türk halkynyň özygtyýarlyk we deň hukuklyk statatusynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin tagalla etmäge dowam eder. Kiprde parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin we milli gowgamyz üçin öz janlaryny pida eden Mehmetjiklerimizi we Mujahitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýarys, gahrymanlarymyza minnetdarlyk bildirýäris” diýildi.