Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Eýranda asuda ilatyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýändigini nygtady.
Erdogan parahatçylygyň ýola goýulmagy we hüjümleriň bes edilmegi üçin edýän tagallalaryny artdyrjakdygyny aýtdy.
Duşenbe güni Ankarada geçirlen çärede çykyş eden Prezident Erdogan “Goňşulary we doganlary hökmünde eýranyň halkyna gynanç bildirýäris. Çaknyşykda bigünä çagalaryň we asuda ilatyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris” diýdi.
Erdogan Türkiýäniň hüjümler bes edilýänçä we sebitde durnuklylyk ýola goýulýança diplomatiýa taýdan uly tagalla etjekdigini ýatlatdy.
Şenbe gününden bäri birnäçe lider bilen telefon arkaly gepleşik geçirendigini aýdan Erdogan “Biz parahatçylyga goldaw berýäris. Ganyň akmagyna we gözýaşyna garşy durýarys. Sebitimizde durnuklylygyň ýola goýulmagyny isleýäris” diýdi.
Türkiýäniň ilkinji nobatda hüjümleriň bes edilmegini we gepleşikleriň geçirilmegini isleýändigini nygtan Prezident Erdogan çaknyşyklaryň dowam etdirilmeginiň sebitara we halkara howpsuzlyk taýdan netijesiniň agyr boljakdygyna ünsi çekdi.
Prezident Erdogan NATO-nyň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Prezident Erdogan Eýrana guralýan hüjümler we başdan geçirilýän çaknyşyklar sebäpli NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan sebitde başdan geçirilýän ynjyk etap bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny we yzygiderli parahatçylyk üçin diplomatiýa ähmiýet berilmelidigini nygtady.
Prezident Erdogan Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammiti üçin görülýän taýarlyklaryň dowam edýändigini belledi.
Rutte bolsa NATO-nyň ýaranlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge dowam etjekdigini nygtady.
ABŞ bilen Ysraýyl şenbe güni Eýrana garşy giň gerimli hüjüm başlatdy. Hüjümde dini lider Ali Hamaneý bilen birlikde eýranly birnäçe resmi ýogaldy.
Tähran bolsa ABŞ-nyň Aýlag ýurtlaryndaky harby merkezlerine raketa we dron hüjümlerini guraýar.
Eýran şenbe gününden bäri ABŞ bilen Ysraýylyň guraýan bilelikdäki hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 555 adama ýetendigini mälim etdi.











