SYÝASAT
1 minut okamak
Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Liderler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we özara bähbide laýyklykda gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşdy.
Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy
Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň prezidenti özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy / AA
Duş 16 Ýek

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. T. Erdogan ýekşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Şyh Muhammed bin Zaýid al Nahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Erdogan bilen al Nahýan telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we özara bähbide laýyklykda gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi hakynda pikir alyşdy.

Dürli ugurlarda edilýän özara gatnaşyklaryň gün saýyn ösmegine kanagatlanma bildiren liderler, Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyny isleýändiklerine ünsi çekdi.

Erdogan bilen al Nahýan telefon söhbetdeşliginde sebitara we halkara meseleler hakynda hem pikir alyşdy.

Lider gysga wagtda duşuşjakdyklaryny mälim etdi.