Britaniýa Trampyň saparyndan soň Palestin döwletini resmi taýdan ykrar eder

Premýer-ministr Keýr Starmer iýul aýynda Ysraýyl “anyk başlangyçlar” etmän halatynda Britaniýanyň sentýabr aýynda Palestin döwletini ykrar etjekdigini aýdypdy.

Britaniýa Trampyň saparyndan soň Palestin döwletini resmi taýdan ykrar eder / Reuters

Britaniýa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň resmi saparynyň gutarmagyndan soň şu hepdäniň dowamynda Palestin döwletini resmi taýdan ykrar eder. “The i Paper” gazeti bu barasyndaky habary hökümete esaslanyp berdi.

Premýer-ministri Keýr Starmer iýul aýynda Gazadaky gumanitar ýagdaýlary seljermek we atyşygy bes etmek boýunça ylalaşyk ugrunda “möhüm başlangyçlar” edilmän halatynda sentýabr aýynda BMG-niň Baş assambleýasynda Palestin döwletini ykrar etjekdiklerini beýan edipdi.

Habarda mälim edilmegine görä bu beýanatyn Trampyň Britaniýadan gitmeginden soň berilmeginiň sebäbi “Tramp bilen döwlet Sekretary Marko Rubionyň Ysraýylyň Gaza guraýan gury ýer operasiýasyna güýçli goldaw bermeginden soň resmi Waşington bilen dartgynlygy artyrma töwekgelçiliginiň öňüni almak” hökmünde düşündirildi.

Hökümetiň metbugat sekretary ykrar etmegiň iki döwletli çözgüdiň iş ýüzüne geçirilme ähtimallygyny dowam etdirmegi nazarda tutýandygyny aýtdy.

“Döwlete eýe bolma hukugy palestin halkynyň esasy hukuklarynyň başynda durýar we şol hukugy aç-açan beýan etmegimiz iki döwletli çözgüdiň iş ýüzüne geçirilme ähtimallygyny dowam etdirmek taýdan iňňän möhüm” diýip, sözlerinin üstün goşdy.

Geçen ýyl Irlaniýa, Norwegiýa we Ispaniýa Palestini resmi taýdan ykrar eden 147 ýurduň hataryna goşuldy.

Fransiýa hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň dowamynda Palestin döwletini ykrar etmegi meýilleşdirýändigini habar berdi we şeýlelikde G7-ä girýän ýurtlaryň arasynda şol karary kabul eden ikinji ýurt boldy. G7 dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlaryndan we demokratiýalaryndan emele gelýän resmi däl forumdyr.