Ysraýylyň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň anna güni beren habaryna görä, Ysraýylyň howpsuzlyk komiteti basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada gurlan 19 şäherçäniň kanunlaşdyrylmagy baradaky meýilnamany tassyklady.
Kararyň Howpsuzlyk komitetiniň penşenbe güni ýary gije geçiren maslahatynda kabul edilendigi nygtaldy.
Aşa sagçy Maliýe ministri Bezalel Smotriç bikanun ýagdaýda gurlan 19 şäherçä resmi statusyň berilmegi üçin ýörite teklip hödürledi.
Kanuna görä täze gurlan ilatly ýerleriň golaýynda ozal gurlan käbir ilatly ýerlere hem resmi status berler.
Kanal 14 teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, ady agzalýan ilatly ýerleriň arasynda 2005-nji ýylda Ysraýylyň Gazadaky ilatyň göçürilmegini öz içine alýan aýyrmak meýilnamasynyň çäginde boşadylan Ganin we Kadim şäherçeleri hem bar.
Ysraýylyň Howpsuzlyk komitetiniň kabul eden ilatly ýerleriň gurulmagy we kanunlaşdyrylmagy baradaky syýasy kararynyň durmuşa geçirilmegi üçin depgini güýçlendirlen meýilleşdiriş etabynyň başladyljakdygy nygtaldy.
Ysraýyldaky “Parahatçylyk wagty” atly çepçi garaýyşly topar, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada 500 müň ysraýyllynyň, basyp alyşlyk astyndaky Gündogar Iýerusalimde bolsa 250 müň ysraýyllynyň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygyny nygtaýar.
1948-nji ýylda Palestiniň territoriasynda gurlan Ysraýyl, soň Palestiniň topraklarynyň galan bölegini basyp aldy.
Ysraýyl yza çekilmegi we paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan garaşsyz Palestin döwletiniň gurulmagyny ret etdi.










