Putin, “Ukraina Günbatardan ýadro ýaragyny alan halatynda Russiýa hem ýarado ýaragyny ulanar” diýdi
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Ukrainanyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni aljakdygyny aýtdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, penşenbe güni beren beýannamasynda, Günbatarly ýurtlar Ukraina ýadro ýaragyny beren halatynda Russiýanyň hem elindäki ähli ýaraglary bilen degişli gaýtawuly görkezjekdigini aýtdy.
Putin, Gazagystanyň paýtagty Astanada metbugata beren beýannamasynda, Ukrainanyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüniň alynmagynda egilşik etmejekdigini nygtady.
Putin, “Ukraina Günbatardan ýadro ýaragyny alan halatynda Russiýanyň elindäki ähli köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ulanarys. Asla Ukrainanyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynda rugsat bermeris” diýip belledi.
Putin, ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çarşenbe güni Amerikaly we Ýewropaly käbir ýolbaşçylaryň Ukraina ýadro ýaragynyň berilmegine goldaw berýändigi hakyndaky habarlaryndan soň beýannama berdi.
Bu waka sebitdäki dartgynlygyň möwjemegine sebäp boljakdygy baradaky aladalary artdyrýar.